Şu hepde ýöne mekdebe barlag geldi durdy. Bir biri gelýär, ertesi yzly yzyna biri gitýär wn ýene beýlekisi gelýär. Hepdäň 5 güni. 4 sagat başga bir mugallymyň sapagyna kömek etmelidim. Bir gün öňünden aýdypdy. 4 sagat okamaryn diýip rus dili okuw esbaplarymy äkitmedim. Edil rus dilä gabatlap hem barlag geldi. Mugallym öz sapagyňa baraý diýdi. Başga bir gün kömek edersiňdä diýdi. Menem rus dili mygallymyma diňe depderlerimi galdyrypdyryn diýdim. Kitabymyň hem ýokdugyny aýtmadym. Munda öň elmydama şol sapagyň okalmaýanyny bilsem hem kitaplarymy äkelýärdim. Ilkinji gezek barybir şol sapaga giremok diýip äkitmedim. Ol hem şol gün. Rus dilä ökdesi men toparda. Mugallym hem bilýär meniň nähili okuwçydygymy. Edil bilgeşleýin diýen ýaly barlag ilki bilen biziň klasymyza girdi. Men gorkup başladym. Klas kom hem özüm. Raport berip ýören zadymdyr mundan öň welin aljyrap sakynyp durun. Indi olaram mugallyma sapak soraýer diýýärler. Meň öňümde ýene bir ökderäk, ýazmaly zatlary ýazýan, okamalyny okaýan klasdaş gyz otyr. Mugallym hem şony görýär. Meň bolsa hatym owadan däl, seň hatyňdana ogalanyň hatam owadan diýýär. Birem rus dilini bilsemem olimpiada gatnaşjak däl deiýdim. Şondan bäri basyp bilmeýän ýagysy men boldum. Sebäbi hiç zat öwredenok, mendeneň etrapda ýer hantama. Öňümdäki klasdaşym bolsa onuň depderlerine çenli barlap berýär. Onsoň mug ony gowy görmän kimi gowy görsün. Ilki şoňa okadyp başlady. Öý iş goşgyny labyzly okamakdy. Soň meň adymy tutyp oka diýdi. Meni ýyldyrym uran bolsada beýle howsala düşmezdim. Men sesimi çykarman oturyn. Öňümden Selbi yzyna bakdy ine şu topbaga ýetdim diýdi. Menem hany haýsy gyz diýip öňüme alyp gören boldumda şol bada okap başladym. Okap gutardym wn barlagçylaň esasysy muga şol gyzyň familiýasy näme diýdi mug hem aýtdy. Soňra ol familiýamy tutup maňa ýüzlendi. Men hany kitabyň diýler öýtdüm. Meň bagtyma okan zadyňa düşünýäňmi diýdi. Men hawa diýdim. Hany onda terjime et diýdi. Men şeýle bir çalt terjime edip başladym. Megerem beýnim öň hiç wagt şeýle işjeň bolan däldir. Edip boldum. Barlag mugdan ähli okuwçy şeýle bilýarmi diýdi. Ol hawa diýdi. Onda örän gowy dp gitdiler.
Indi mugdan tapylan kemçilikler barada: ýanynda kalendar meýilnamasy ýok; žurnaldaky baha bn gündelikdäki baha deň gelenok.
Olar gidensoň meň kitabymyň hem ýokdugyny bildi. Men gaýdyp gaýtalanmaz diýip ötünç sorap söz berdim.
Soňra sapakdan çykyp barýarda synp ýolbşçymyza meni aýtýar. Synp ýolbaşçy maňa käýeýär. Mugallymyň gyzy halyňa dp. Munuň bn gutarsa nä ýagşy. R dili mug özümde kem bar diýenok, haýsy mugy görse meni ýamanlap çykýar. Özem mugallymyň gyzy diýip. Indi men tutuş mekdebiň öňünde mugallymyň gyzy bolup hem okuw esbaplaryny getirmeýän boldum.
Hany indi aýdyňda kimiňki ýalňyş. Şeýle okuwçy halyma ýene men günäkärmi. Hemme kişi meni erbet terbiýelen gyz hasaplaýar. Men nätmeli. Şuny gözüme ýaş aýlap ýazyp otyryn. Ýogsam ol mugy alyp çykan hem dälmi eýsem. Menem bilýän menem akja jüýje däl.
Aýdyňda MEN GÜNÄLIMI!? 😥🙏