Greenleaf
30.01.2021 00:22
Dört gylyk
"Ulumsylyk- erbet gylyk" diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne ulumsylyk etmejek bolup,
Ýyrşaryp ýörmegem gowy däldir, dost.

"Geplemseklik-erbet gylyk" diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne geplemseklik etmejek ýolup,
Dommaryp ýörmegem gowy däldir, dost.

"Ýaltaçylyk- erbet gylyk" diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne ýaltaçylyk etmejek bolup,
Hars urup ýörmegem gowy däldir, dost.

"Başga-da köp erbet gylyk" diýýärler.
Olaryň köpdügem rastdyr rast.
Ýöne her bendimde bir söz üýtgedip,
Samyrdap durmagam gowy däl-dä, dost.
Kerim Gurbannepesow.
13
108
safia
30 Yanwar 2021
👍👍👍👍
guli_
30 Yanwar 2021
👍👍👍
Ovezova_
30 Yanwar 2021
Gowy goshgulan biri
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.