Her bir mekdep okuwçysyna tanyş bolan ," Atlas " sözüni ylma girizen we köpçülige ulanmak üçin ilkinji hödürlän Belgiýaly alym Gerard Merkatordyr .Gerard Merkator ( 1512-1594 ) häzirki zaman kartografiýasynyň duýbüni tutujydyr . Onuň doglan şäheri Rýupelmond häzir Belgiýa döwletinin çäginde ýerleşipdir . Merkator geografiýa ylmyny ösdürmek üçin uly goşant goşupdyr . Saklanýan kartalaryn we atlaslaryň asyl nusgalary Merkatoryñ kitaphanasynyň göz guwanjydyr .
•1541 - nji ýylda Merkator Ýeriň globusyny ýasapdyr.
•1551 - nji ýylda Merkator Asmanyň globusyny ýasapdyr .
•1569 - njy ýylda ol dünýä kartasyny 18 list jiltden ybarat edip çapdan çykarypdyr .
•1589 - njy ýylda 22kartadan ybarat bolan , Atlasyň tomuny neşir etdiripdir
•1595 - nji ýylda Merkatoryn kiçi ogly Rumold Atlasy " bir tomda kakasynyň terjimehalyny goşup çap etdiripdir . Dowürdeşleri ony kartograflaryn atasy " diyip atlandyrypdyrlar .Merkator diýmek latyn dilinden terjime edilende täjir söwdagär diýmekligi aňladýar . Gerardyň kakasy nemes bolany uçin , ol nemes dilindaki familiýany hem alypdyr . Kremer diýmek nemes dilinde "dükançy " "söwdagär" diýmekdir . Kabir ylmy kitaplarda Gerard Kremer diýip hem berilýär .