Greenleaf
28.01.2021 00:01
UKY
Uky- bu orhanizmiň nerw ulgamynyň daşky gurşawdan wagtlaýyn üzňeleşmegi we madda çalşygynyň peselmegi. Başga hem birnäçe kesgitleme bilen hem düşündirip bolýar.
Ukyny öwrenýän ylym- SOMNIOLOGIÝA.
Ykynyň 2 görnüşi tapawutlandyrylýar:
1. Çalt uky;
2. Haýal uky;
Ukynyň dowamynda HAÝAL UKY bilen ÇALT UKY aýlawly gezekleşip durýarlar. Ukuda wagtymyz 2 gezek haýal uky we 2 gezek çalt uky aralaşýar.

Uka gidilen badyna haýal uky gelýär. Munda dem alşyň, pulsuň haýallaşmagy, myşsalaryň gowşamagy bolup geçýär. Madda çalşygy we temperatura peselýär. Gaçmak duýgysynyň bizi oýarmagy hem haýal ukyda bolup geçýär. Stress ýagdaýda myşsalar we nerw ulgam dartgynly ýagdaýda bolýar, ony aradan aýyrmak üçin gaçmak duýgusy bize berilýär. Beden birden dartylýar we soňra haýal uka gitmek üçin kem kemden gowşamaga başlaýar.
1-1,5 sagatdan soňra haýal uky çalt uky bilen çalyşýar. Bu fazada ähli organlar işjeňleşýär, dem alyş ýygalýar, madda çalşyk ýokarlanýar. Çalt uky 10-15 min dowam edýär, soňra ýene haýal uky aralaşýar.
Daňdana golaý, ýagny adamyň oýanmaklygyna ýakyn wagtda 25-30 min ýene çalt uky aralaşýar. Munyň sebäbini adamyň gündiz işjeňliginiň ýokarlanmagy we çalt oýanmagy bilen düşündirip bolýar.
Düýş- bu beýniniň kadaly psihiki işjeňligidir.
Ähli düýşler görülýär we duýulýar, emosional başdan geçirilýar. Düýş hiç hili eşidiş we ys alyş orhanlary ýilen bagly däldir. Düýş görülýän wagty uly ýarym şarlaryň ýeňse bölegi, ýagny görüş zonasy aktiwleşýär.
Ukusyzlyk keseli- INSAMNIÝA
Ukyçyllyk keseli- GIPERSOMNIÝA
Juda ukuçyllyk keseli- LETARBIÝA
9
75
Ovezova_
28 Yanwar 2021
👏👍👍
Myhman Myhman
28 Yanwar 2021
👏👏👏👍
ideallider
28 Yanwar 2021
Gowy🙂👍
guli_
28 Yanwar 2021
👏👏👏👍🌷
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.