AKMAK ŞA HEM-DE SÄHRAÝY GYZ HAKYNDA ROWAÝAT
I
Gadym ülkelerde, gadym bir zaman,
Ýaşanmyş gözel gyz, ady arzyman.
Ýaňy ser uranda on alty ýaşa,
Onuň şum bagtyna aşyk bolan Şa.
Şum hyýal gelensoň, hapa küýüne,
Şa çapar ýollanmyş Gyzyň öýüne.
Emmaki şalardan gelen şum çapar,
Garypdan neneňsi hoş habar tapar?!
Ertesi dar agaç yrandy ýele,
Gözeliň kakasy, ejesi bile.
Gözele ýetmedi şepagatly dar,
Ony bagra basdy garaňky zyndan.
Eline, aýagna gandal urdular,
(Ýogsa ýogyn saça bogulardy ol)
Üç gün yza çekdi, üç hepde jepa...
Şa şum piriminden tapansoň wepa,
Ýasawul iberip gyzyň ýanyna,
Çagyrdy ahyrsoň Tagt-u-şanyna.
Ýalbardy, aglady, dyzyna çökdi,
Gyzyl gözlerinden, gyzyl ýaş dökdi.
Şonda gyz gabagyn galdyryp çala,
Ýat etdi atasyn, enesi bile.
Hem diýdi :"Beýik şa, ýok meniň erkim.
Seňki men, bitirseň üç sany şertim."
II
Ertesi Turanda jarlar çekildi
Gözel künjeginde çadyr dikildi
Bu syrly tomaşa şat bolan her kim.
Şa diýdi:"Aýt, gyz, birinji şertiň!"
"Şol keýgiň yzyndan ýetensoň peýkam,
Ony bir pursatda edinmeli şam!"
Peýkam gazap bilen şuwwuldap gitdi,
Dem salymdan keýgiň yzyndan ýetdi.
Şanyň gyzyl gözün gaplady duman,
Şa diýdi:"Meniňki, meňki Arzyman!
Birinji şertiňe jogabym berdim.
Indi, aýt bakaly ikinji şertiň!"
Gyz aýan eýledi ikinji şertin:
"Bir çelek şeraba gark et sen derdiň!"
Şa diýdi:"Pah, pah, pah, şertiňe gurban!
Sen indi meniňki, meňki Arzyman!"
Säher şapagy deý içildi şerap,
Başlady şum şanyň murty titiräp.
Wezirler, wekiller dyza çökdüler
Haremiň gyzlary gözýaş dökdüler.
Şa soňky wysala ýetende ahyr,
Bir gazal okady, eýwany şahyr.
Şa diýdi:"Tagtymyň täji Arzyman...
Üçünji şertiňi eýle sen aýan!"
"Saňa juda ýeňil iki şert berdim.
Seň eliňden gelmez üçünjii şertim!"
"O näme üçin gelmez, bilýärmiň men kim!?"
"Onda şeýleräjik üçünji şertim.
Eliňe peýkam al, üç ädimde dur,
Ýaý sowa geçmesin, gursagymdan ur.
Meniň bu şertimi bitirseň eger,
Gyzgyn leblerime, lebleriň deger.
Ilimden, günümden, ardan geçerin,
Mar saçlarym bilen biliň guçaryn.
Ýöne sowa geçse, awyly ýaýyň.
Men seniň ýaryň däl, men seniň Aýyň"
"Pah, pah, sähra gyzy gözel Arzyman,
Dahanyňdan çykan şertiňe gurban!"
Müň jeren yzyndan şuwwuldap ýeten,
Müň jeren ýüregin paralap öten.
Peýkamy eline alanynda şa,
Doldy märekäniň gözleri ýaşa!
... Peýkam döşden girip,bir nagra çekdi,
Burnyny ganadyp, arkadan çykdy.
Uzakda uwlady sergezdan itler,
Gan damyp gülledi ýaşajyk otlar.
Akmak şa gygyrdy:" Şertiňe gurban,
Indi sen meniňki, meňki Arzyman!"
Bu köne rowaýat, bu köne "myş-myş"
Gyzlar namys üçin şeýdip ölermiş!
Gurbannazar Ezizow