Kampýuteriň ösüş taryhy
Kompýuteriň ösüş taryhy
Меню
EL BILEN HASAPLAMAK
Gadymy döwürlerden bäri adamlar hasaplamagyň dürli ýollaryny, usullaryny tapmak üçinoýlanypdyrlar.Ilki başdaolar şekilleriň üsti bilen sanlary öwrenipdirler.
Wagtyň geçmegi bilen adamlaryň aň düşünjesiniň ösmegi netijesinde barmaklaryň üsti bilen sanamagy başarypdyrlar.
Iňlis matematiki Uilýam Otred 1622-nji ýylda ilkinji bolup logarifmiki çyzgyjy oylap tapýar.
Iňlis matematiki Riçard Delameýin 1630-njy ýylda logarifmiki tegelek çyzgyjy oylap tapýar.
Kompýuter tehnologiýasynyň ösüş döwürleri:
Dünýäde onluk sanlaryň jemini hasaplaýan maşynyň eskizi Leonardo da Winçä degişlidir. Ol bu hakda 1492-nji ýylda özüniň gündelikleriniň birinde ýazyp geçipdir.
1623-nji ýylda nemes alymy Wilgelm Şikkard onluk sanlaryň üstünde jem, tapawut, köpeltmek we paýy hasaplap bilýän maşynyň eskizini kagyz ýüzüne geçirýär. Bu açyşlar diňe kagyz ýüzünde galýar.
"Paskalinden" 30 ýyl soňra 1673-nji ýylda Wilgelma Leýbnis özüniň 4 arifmetiki amaly hasaplaýan mehaniki maşynyny döretýär.
1942-nji ýylda Pensilwan uniwersitetiniň Mura elektrotehnika mekdebinde professor Jon Mauçli ilkinji EHM –niň proektini hödürleýär. Oňa ENIAC (Electronic Numerical Integrator and Computer) diýip at berýärler. Entek ABŞ-niň Goranmak gullugynyň Ballistiki barlag laboratoriýasy gyzyklanýança 1 ýyla golaý proerkt heretsiz ýatýar. 1943-nji ýylda Mauçliniň we Ekkertiň ýolbaşçylygynda ilkinji kompýuteri (ENIAC) döretmekligiň üstünde işläp başlaýarlar, maşynyň gözden geçirilişi 1946-njy ýylyň Fewral aýynyň 15-ne geçirilýär.
Kompýuteriň I nesli
1946-njy ýylda döredilip ol kompýuteriň aýratynlygy wakum-lampaly tehnologiýada işleýänligidir. Berlenleri girizmek we çykarmak üçin perfolentadan we perfokartadan peýdalanylypdyrlar. Kompýuteriň bu nesli howa maglumatyny anyklamakda, energetiki meseleleri çözmekde şeýle hem goranmak ulgamynda peýdalanylypdyýdalanylypdyr.
Kompýuteriň II nesli
1951-nji ýylda döredilipdir. Bu kompýuterler tranzistirler bilen işläpdirler. Bular ýokary ygtybarlylygy, ýokary işjeňligi, lektroenergiýany az sarp edýänligi bilen tapawutlanypdyrlar. Bu nesle degişliler ýokary derejeli programirleme dillerinde işlemeklik mahsus.
Kompýuteriň III nesli.
1964-nji ýylda döredilip integral shemasy esasynda işleýär. Bu nesliň döremegi bilen ýady, kompýuteriň gurluşlaryny dolandyrýan Operasion ulgam hem döredilýär. 60-njy ýyllaryň başlarynda IBM firmasy mini-kompýuterleri döredip satuwa çykardy. 1971-nji ýylda garaşylmadyk ýagdaýda ilkinji mikroprosessory döredip uly açyş edýär.
Kompýuteriň IV nesli
1975-nji ýylda uly integral shemeler esasynda döredilýär. Kompýuteriň bu nesline degişliler işleýiş çaltlygy ýokary, ýadynyň göwrümi birnäçe Megebaýtdyr. 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda kompýuteriň 2 görnüşi: birnäçe prosessorly superkompýuterler hem-de personal kompýuterler ulanylyp başlanyldy.
Kompýuter esasy 3 bölekden ybarat: monitor(ýa-da displeý), klawiatura we esasy blok (prosesor).
1.Syçanjyk.
Kompýuterde işlemegi ýeňilleşdirýan gural, ýagny klawiaturadan girizmeli komanadalary syçanjygyň kömegi bilen ýerine ýetirip bolýar. Kompýuterde syçanjyklar iki görnüşi bar iki we üç düwmejikli. Çep düwmejigi hemmişe ýerine ýetiriji sag bolsa ekrana menýuny çap edýar. (Menýu – bu komandalaryň spisogy).
2.Monitor.
Kompýuterdäki informaiýalary görmek we okamak üçin hyzmat edýan gural. Monitorlar biri – birinden: reňkleriniň sanynyň köplügi, diaoganaly, multimediýalygy, ýapgytlygy we şuňa meňzeş häsiýetleri bilen tapawutlanýar
3.Klawiatura.
Barmaklaryň kömegi bilen kompýutere informasiýany girizmek üçin ulanylýan gural. Klawiaturanyň düwmejikleri (102-103) şeýle toparlara bölünýar: funksional, alfawit, kod, kursory dolandyryş, ýörite, kombinasion, režimini çalşyrýan düwmejiklerine bölünýarler.
Habar göterijileriň taryhy ösüşi.
Gadym döwürlerden bäri adamlar dürli habarlary, yazgylary saklamagyň usullaryny gözläpdirler. Ilki başda olar dürli ýazgylary gaýalaryň, derileriň ýüzüne çekipdirler, birnäçe maglumatlary galdyrypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen kagyz ulanylyp başlanylypdyr. Soňky döwürlerde maglumatlary saklamak üçin perfokartalar, magnit lentalary ulanylypdyr. Şeýlelikde, ilkinji kompýuter maglumatlaryny göterijileriň zerurlygy ýüze çykyp başlaýar. 1971-nji ýylda IBM kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan 8 dýýumlyk 80 Kbaýt sygymly disket (oňa ,,disketa’’ hem diýilýär) oýlanyp tapylýar.
Tehnologiýanyň ösmegi bilen, disket önümçiligiň gerimi has-da kämilleşip, optiki göterijileriň bazary ösýär. Şeýlelikde 1969-njy ýylda «Philips» kompaniýasy ilkinji LD (Laserdisc) optikigöterijiniişläptaýýarlaýar. Bu göteriji, adatça, öýde kinofilmleri görmek üçin niýetlenendir. 1982-nji ýylda Laserdiscoptikigöterijileriň ýerineuly üstünlik gazanan CompactDisc (CD) görnüşi ulanyşa girizilýär.Ol ,,Sony” we ,,Philips” kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülýär.
Karta (fleş yad)
Fleş yadyň iki görnüşi bar: parallel interfeýs bilen we yzygider interfeýs bilen.
Parallel :
· PC-Card (PCMCIA ýa-daATA-Flash)
· CompactFlash (CF)
· SmartMedia (SSFDC)
Yzygider:
· MultiMedia Card (MMC)
· SD-Card (Secure Digital - Card)
· SonyMemoryStick
1.USB
2. Mikrogözegçi,
3. Gözegçi nokatlary,
4. Flesh ýadyň mikroshemasy,
5. Kwarst rizonator,
6. Ýagtylyk diody,
7.Geçiriji (ýazgydan gorag)