Müsür piramidasynyñ nähili gurulandygy hakynda şu wagta çenli hiç bir pikir subutlanman geldi.Käbirleri olara başga planetalylaryñ kömek edendigi hakynda aýdyp geçdi.Bilşimiz ýaly piramida daşlaryny göterip,ol beýiklige çykarmana häzirki tehnologiýanyñ güýji hem ejizlik edýär.Sizem hökmany suratda piramidalaryñ nähili gurulandygy,ol agyr daşlaryñ nädip getirilendigi hakynda gyzyklanansyñyz.Bu gyzyklanmañyz çözüldi.Heopsyñ piramidasynda ulanylan 170müñ tonna daşyñ nähili getirilendigi, arheologlar tarapyndan tapylan bir taryhçynyñ (Günlük depderçesinden) tapyldy.Arheologlaryñ aýtmagyna görä 2,5 tonnalyk agyr daşlar we kubiki daşlar Nil derýasynyñ üsti bilen tagta gämiler arkaly piramidanyñ guruljak ýerine getirilipdir.Ol gämiler şol döwrüñ güýçli alymlary tarapyndan ýasalypdyr,gämileri biri-birleri bilen güýçli ýüpler arkaly birleşdirilipdirler.Bu daşlar 800km uzaklykdan getirilýärdi.Hat-da arheologlar piramidalaryñ ýanynda birnäçe kanallaryñ üstüni açdy.