sahet_ashyrov
28.12.2020 09:39
Gysgajyk gülkünç hekaýalar

Ýiti jogap

Bäş-alty ýaşlaryndaky tokarja oglanjyk bilen kakasy teleýaýlyma tomaşa edip otyrlar. Oglanjygyň içi jugurdaýar. Oglanjyk böwrüne diň salýar-da:
-Bäh, meniň garnym gürlejek bolýar öýdýän!-diýýär.
Kakasy telewizordan gözüni aýyrman hümürdeýär:
-Garnyň gürläni hiç. Esasy zat dar otagda otyrýeriň geplemese bolýar. Eger-de otyrýeriň gepläýse, onda göni daşaryk çykmaly bolarsyň!
Oglanjygam mawy ekrandan gözüni aýyrman oturyşyna, eşidiler-eşidilmez hüňürdeýär:
-Men-ä çykaryn-la welin, o taýymyň bar gürrüňi otagyň içinde galaýmasa!...

Eje bolmaga ygtyýarnama

Ejesi, daşarda oýnap-oýnap üsti-başyny görer ýaly etmedik, dört-bäş ýaşlaryndaky gyzjagazyny hammamda süpürgiç bilen gaýym edip gazap-gazap ýuwýar. Gyzjagaz digir-digir sürteç endamyny kesip gelse-de öz garagollugy sebäpli şeýle güne sezewar bolandygy üçin, agyrsa-da dişjagazyny gysyp çydaýar. Ýuwundyryp bolandan soň henizem gahary köşeşmedik ejesi gyzjagazy desmal bilen gyzyl-jižžik edip, mazaly süpürýär. Gyzjagaz ýene-de özüne zor salyp jyňkyny çykarman muňa-da döz gelýär. Soňra ejesi dözümlilik bilen ojagazyň uzynja saçyny daramaga oturýar. Ötgür darak ejesiniň dogumly dartmasy sebäpli gulpajyklaryny goparyp gelse-de, gyzjagaz ýene-de zeýrenmän-jögülemän saklanýar. Emma haçan-da ejesi öňküsi ýaly berk daraşyp, saçyny örüp ugranda ojagazyň sabyr käsesi püre-pür dolýar. Garaja gözjagazlaryny alardýar-da, ejesine hüňürdeýär:
-Eje, senem kakamyň ussaçylyk etmäge alandakysy ýaly eje bolmaga ygtyýarnama bir aldyňmy-aý?!

Durna

…Ir säher bilen, üç ýaşlyja Myratjyk öýüň içinde ters aýlanyp, eşigini geýmän çuw-ýalaňaçlygyna ejesinden gaçýar. Ejesi ony tutjak bolup, yzynda etek alty ýeň ýedi bolup kowalaýar. Ojagazam ýetdiräýer ýaly däl. Sap atyp ol otagdan bu otaga gaçýar. Özem aýagaldygyna ulili bilen gygyrýar:
-Çagaýaý bagyna gitjekgä! Gitjekgä, gitjekgä, gitjekgä-ä-ä…
Ahbetin işe gitmek üçin geýnip duran kakasynyň kömegi bilen ýalaňaç bezzady çüňke gabap tutýarlar-da, dört el dört aýak bolşup, gabyrdadyp geýindirip başlaýarlar. Olam ýeň bererli däl. Hem-ä çabalanyp-towlanyp, geýdirýän eşiklerini sypyrmaga dyrjaşýar, hem-de ulili bilen “gitjekgäline” gygyrýar. Ejesi onuň gykylygyna çydaman gaharlanýar:
-Gidersiň! Näme gitmän?! Bökersiňem gitmän!
Bezzat sakga durýar-da, gykylygyny bes edip, tüňňerilýär. Soňam gabak astyndan kakasyna seredip hüňürdeýär:
-Kakga, tiffonyňy beýsene!
-Wiý! Telefony näme etjekdiň, oglum?!
-Duýna (durna) jaň etjek! Geýip meni yzyma, getiýen ýeýine äkitsin! Şo taýda-ha çagaýaý bagy ýokdyý...

Gezelenç we geýim

Gyşyň howasy. Alyp barýan sowuk bolmasa-da biraz çigregi bar. Galyň geýimlerinden ýaňa topbaryp durşuna gabygy gat-gat sogana çalym edýän üç ýaşlyja Kerim, köp gatly ýaşaýyş jaýynyň girelgesiniň agzynda ýüzjagazyny sortduryp dur. Elinde-de oýnawaç piljagazy, aýagynyň ýanynda halkasyna ýüp ildirilen ýük ulagjygy. Onuň bolup durşundan üsti-üstüne geýdirilen eşiklerinden ýaňa ibaly gymyldabam bilmeýändigine torsarylýandygy mese-mälim bildirýär. Şol pille girelgeden orta ýaşdan agan, saçlaryna çal sepen goňşulary çykýar. Kerim sen-de ýok men-de, salam-heliksiz, agraslyk bilen oňa ýüzlenýär:
-Oýnamaga barýaňmy?!
Goňşulary birbada aňk-taňk boljak ýaly etse-de, ýeke pursatda ähli zada düşünýär. Gülmän-yşman zordanjyk saklanýar-da, çynlakaý jogap gaýtarýar:
-Hawa, Kerim jan.
Oglanjyk ýüz-gözjagazyny bürüşdirip soragyny dowam etdirýär:
-Paltunyňy geýdiňmi?
-Geýdim oglum!
-Görkez, hany!
Görkezýär.
-Žempiriňem geýdiňmi?
-Geýdim.
-Görkez!
Görkezýär.
-Ädigiňem geýdiňmi?
-Hawa.
-Görkez, onam!
-Ine aýagymda ahyry, oglum!
-Içinden galyň jorabyňam geýdiňmi?
-Geýdim oglum! Ýöne ony görkezip durmaýynam-la, belki sözüme ynanarsyň!-diýip goňşulary öňünde ýazgaryjy nazary bilen özüni boýdan-başa synlap duran girdenejä ýallaklaýar.
-Bolýa!-diýip girdeneje oňa ägirt uly, aşagyndan çykmaz ýaly eglişik edýän dek islemezlik bilen rugsat berýär-de, ýene-de derňewini dowam edýär:-Gulakjynyňam geýdiňmi?
-Hawa, ine ahyry!-diýip goňşulary kellesindäkini telpegine yşarat edýär.
Oglanjyk indi näme soramalydygy ýadyna düşmän söm-saýak bolup duran goňşularynyň öňünde ellerini arkasyna çilşirýär-de iki-baka gezmeläp başlaýar. Arasynda-da oňa garşy gabak astyndan müňkürlikden doly nazaryny oklaýar. Birdenem güpbe ýadyna düşýär. Onuň çat maňlaýynda sakga durýar-da, göni garaçygyna dikanlap, gözüne sokaýjak bolup barmagyjyny çommaldýar:
-Hä-ä! Bildim! Jalbaryň iki gatmy?!
Goňşusy pyňkyrman zordan saklanýar. Dil ýarsa güljek. Şonuň üçinem sesini çykarman baş atýar. Şol pille-de ýaşajyk sülçi hasam mojugyny atýar:
-Pampersiňem dakyndyňmy? Hä?!...

Diňçi kaka

Daşary sowuk. Üç ýaşlyja oglanjyk erän garden üýşen ýata suwda şalpy-şaraň bolup, üsti-başyny öl-myžžyk edip, oýnap ýör. Ululardan hiç kimiň görmeýänliginden peýdalanyp, “pažžyldadyp” iki ýaňa at çapýar. Şol pille gapy açylýar. Gapyl galan bezzat almytyny almagyň howatyrlanmasy bilen düýrügýär. Garagol gözjagazlaryny alakjadyp çar ýanynda girere deşik agtarýar. Emma daş-töwerek alaň-açyklyk, gizlenere ýer ýok. Işikden kakasy çykýar. Bezzadyň ýüzi ýagtylyp gidýär. Ol daş-töweregine assyrynlyk bilen garanjaklaýar-da, pyşyrdap kakasyndan haýyş edýär:
-Kaka şü ýerde birsalym garawullap dur-da, ejem daşaryk çykjak bolsa öňünden maňa duýdursana, bomy?!...

Çagalar bagyna maglumat

Giň otag. Agşamara. Kakasy dört ýaşlyja ogluna çagalar bagy üçin maglumatnama dolduryp berýär. Ejesi biraz beýleräklerinde tikin-çatyna gümra bolup otyr.
Kakasy maglumatnamanyň nobatdaky soragyny daşyndan okaýar:
-Çagaňyzyň haýsy iýmit önümlerine allergiýasy bar?
Aýalyna seredýär:
-Näme diýip ýazmaly-aý, bi ýere?!
Heniz ejesi dil ýaryp ýetişmänkä, kakasyna gysmyljyrap oturan oglanjyk otagy ýaňlandyryp onuň gulagyna pyşyrdamaga howlugýar:
-Kaka, kelem bilen käşir iýdiräýdigiňiz, şo bada duranja ýerinden butnaman takga jany çykýa diýip ýazsana…

Üýtgeşik lukman

Çagalar bagynda iki sany oglanjyk gepleşýär. Biri:
-Düýn ejem meni üýtgeşik lukmana görkezmäge alyp gitdi!-diýip öwünýär.
-O nähili üýtgeşik lukmanmyş?! Lukman lukman bolar-da!
-Ýo-how, illeň barýany adaty lukman bolsa, meniňki ulag bejerýän lukmandy.
-Goýsana-aý! Çypdyranyňda ýapa bir degir. Lukmanyňam bir ulag bejerýäni bolarmy?
-Çypbakaý-çyndanam bar ekeni! Näme bolman?! Men birjigem ýalan geplämok. Ejemden: “Bi lukman kim?” diýip soradym welin, ol “awtolmolog” diýip jogap berdi.

Ugurtapyjy

…Köp gatly jaý. Dördünji gatyndaky öýde toý-dabara. Öý eýesiniň dört ýaşlyja oguljygy bilen myhmanlaryň biriniň oňa ýaşytdaş oguljygy eýwanda durlar. Iki bolup asmandaky dolan aýy synlaýarlar. Ikisem täze tanşan çagalara mahsuslykda biri-birine özleriniň akylda, bilimde, köpigörenlikde…umuman, hemmeje zat üstündigini subut etmäge dyrjaşýarlar. Myhman ilki ýaşyna gelişmeýän parasatly şahyranalyk bilen dil ýarýar:
-Görýäňmi, bi aýy! Pişigiň gözi ýaly tos-togalak ol!
Öý eýesi hem akyl-huşda kem galar ýaly däl. Bilimseklik edýär:
-Pişikleriň gözi tos-togalak bolmaýar!
Ejesi lukman, kakasy zoolog bolan myhman, öý eýesiniň dogry aýdýandygyna bada-bat düşünse-de, aljyrap, özüni ýitirip durmady. Derrew özüniňkini tassyklamagyň ugruny tapdy:
-Köwläp alyp seretseň hemme kişiňem gözi tos-togalak!

Howpsuzlyk boýunça nutuk

…Ýangyna garşy göreş gullugynyň işgäri çagalar bagynda ýangyndan goranmagyň we ýangyna garşy howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek barada dört-bäş ýaşlyjalara mümkin boldugyndan sadalaşdyryp, nutuk sözläp berýär. Aýtjagyny aýdyp bolandan soň öz gürrüň beren zatlaryny çagalaryň nähili derejede özleşdirendiklerini barlamak maksady bilan olara sowal berip başlaýar. Çat maňlaýynda ilkinjileriň biri bolup, tutuş nutugyň dowamynda jyňkyny çykarman özüni diňläp oturan dört ýaşlyja oglanjyga ýüzlenýär:
-Hany köşek, sen bize aýdyp ber bakaly, ine sen, çagalar bagyndan öýüňize geldiň. Öýde-de gazyň ysy bar. Ýanyňda-da ulularyň birem ýok. Nähili hereket edersiň?
Özüne agram salmakdan ýaňa oglanjygyň maňlaýjygy bada-bat derçigýär. Birsellem oýurganyp oturýar-da, dil ýarýar:
-Çyrany ýakmag-a gadagan, şeýle dälmi?!
Nutukçy mähirli ýylgyryp baş atýar.
Oglanjyk ekezlenýär:
-Onda, aşhana geçerin-de ejemiň goýýan ýerinden şemi alaga-da, otluçöp çakyp, şony ýakyp, öýi ýagtyldaýaryn…

(Internet torundan alnan dürli wakalaryň esasynda üýtgedilip taýýarlanyldy).
21
289
GadamEmedow
28 Dekabr 2020
Gowy ýazypsyň
Karaleva_04
28 Dekabr 2020
gaty gowy..??
ideallider
28 Dekabr 2020
Brawo??
Greenleaf
28 Dekabr 2020
Ajaýyp eserler minnetdar size gülmek keýpinden-ä çykdym ýerne düşüpdir bu degişmeler ??????❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.