ALBASSY
"Gorkamok albassy, ala ýatandan..."
Dädebaý Allabaýew.
■ Albassy näme?
Halk arasynda aşa başagaý, aladaly, aljyraññy adamyñ bolşuny añlatmak üçin "Yzyñdan albassy gelýärmi?", "Depäñden albassy indimi?" we şuña meñzeşräk dürli söz düzümleri ulanylýar.
Eýse, albassy näme? Onuñ al-arwah, jyn, eýe, gara, ruh... ýaly añlatmalardan tapawudy nämede? Geliñ, "albassy" sözüniñ berýän manysyny yzarlap göreliñ.
Aslynda, albassy sözüni "Türkmen diliniñ düşündirişli sözlüginde" ýazylyşy ýaly dogry ýazmaly bolsa, "albasdy" diýip ýazmaly.[1] Ýöne gepleşik dilinde "alwassy" görnüşinde aýdylansoñ, ýazuw edebiýatlaryna "albassy" görnüşinde geçip gidipdir.
Ýokarda-da agzaýşymyz ýaly, albassynyñ al-arwahdan, jyndan näme tapawudy bar? Albassy arwahdyr jynlar ýaly adatdan daşary güýçlermi ýa-da ertekidir rowaýatlaryñ fantastiki elementlerinden ybaratmy? Ýa bolmasa dini ynançlar bilen baglanyşykly göze görünmeýän güýçmi? Hem söz taýdan, hem many taýdan, hem düşünje taýdan muny dogry teswirlemek gerek. Ýogsam bolmasa, albassyny başga göze görünmeýän adatdan daşary güýçleri añladýan sözler bilen bulaşdyrylýan, garyşdyrylýan ýerleri köp duşýar. Munuñ dogry ylmy düşündirişiniñ berilmegi türkmen halkynyñ yslamdan owalky gadymy ynançlaryny, medeniýetini öwrenmekde uly ähmiýetiniñ boljakdygy şeksiz. Ýazyjy Osman Öde "Gorkut ata taglymatynyñ esaslary" atly makalalar toplumynda: "Eýe, Albassy, Döw, Aýy-süýt, Taňry, Peri we beýlekiler... bularyň hersiniň aýratynlygyny, manylaryny jikme-jik ýüze çykarmak... – geljegiň işi"[2] diýip, hut şu zerurlygy göz öñüne tutupdy.
Albassy haýsydyr bir mahlugyñ adyndan ötri, sebäp bolunan näsaglygy alamatlandyrýar. Albassa Sibirde ýaşaýan türki taýpalary "Albasta" diýýär.
Albassy - bu "al basmak" işliginden dörän sözdür.
Albassy göwreli aýallarda köp duş gelinýär. Albassy näsaglygy arassaçylyk düzgünleriniñ doly we dogry berjaý edilmeik ýagdaýynda, gyzgynlyk derejäniñ ýokary galmagy bilen ýüze çykýar, başy aýlanýar, gözi garañkyraýar, her zatdan gorkmaga başlaýar. Göwreli aýal gan ýitirmäge başlasa, gözüne her tüýsli zat görünmäge başlaýar. Netijede onuñ essi aýylyp bilýär. Albassy (Aýjyn) şol wagt onuñ kükregine dyzyny urup, demini kesýär, hatda onuñ ölmegine-de getirip bilýär.
Göwreli aýalyñ işdäsi kesilip, iýip-içmeden galsa, dem almasy kynlaşsa, ony "Al ojagyna" äkidýärler. Köplenç mukaddes ýer hasaplanýan ol ýer sygynylýan güýçli öwlüýäleriñ zyýaratgähidir.
Albassy "gulbassy" görnüşinde adygeý diline-de geçipdir.
Albassy we gulbassy etimologiki taýdan pars dilinden gelip çykan "Aleýbany" (Alýabani) we "Kuleýbany" (Gulýabani) atly mahluklaryñ adyna hem golaýlygyny unutmazlyk gerek. Aleýbany - albassynyñ pars dili bilen utgaşmagy netijesinde dörän sözdür. Edil şonuñ ýaly Gulýabani sözüniñ köki Gulbassy sözüne baryp direýär. Şeýle-de udmurt we mari dillerinde hem albassy sözi bilen bir manyda "alwasta" we "alwasty" diýen sözler bar.
■ Albassy sözüniñ etimologiýasy
Albassy sözüni dogry düşündirmek üçin ilki bilen sözüñ birinji bölegindäki "al" sözüniñ üstünde durmak gerek. "Al" sözi "a" harpynyñ çekimli we çekimsiz, uzyn we gysga aýdylyşyna görä, dürli manydaky söze öwrülip bilýär. "Türkmen diliniñ düşündirişli sözlüginiñ" 1962-nji ýyldaky neşirinde munuñ iki manysyna düşündiriş berilýär:
"AL (a:l) - I, Gyzgyldyrak goñur reñk, gyzylymtyl.
"Seni kim ýaratdy beýle al ýañak" ("Sowet Türkmenistanynyñ aýallary" žurnaly).
"Jaýyñ depesinde bolsa, belli zat, al baýdak pasyrdaýar". (N.Jumaýew, "Ak derek").
AL (a:l) II, 1. Fantastik, mifologik düşünjä görä: arwah, jyn, eýe. 2. Hile, aldaw, mekirlik.
"Kakam türkanandyr, alarlar daşyn,
Gorkýaryn, al bilen aýlarlar başyn". ("Sowet edebiýaty" žurnaly), ◇ Al açmak - bedeniñi, saçyñy ak-ala edýän kesele duş bolmak.
Al kakmak (mif.) - ser. "Al çalmak".
Al petinden almak - biriniñ ýüzüni almak, dalamak. "Halnazar onuñ öz üstünden düşmeginden howatyr edip, al petinden aldy, herreldi". (B.Kerbabaýew, "Aýgytly ädim").
Al çalmak (mif.) - arwah, jyn täsir etmek."[3]
Indi bolsa, ýokarky düşündirişden kän bir tapawut etmese-de "Düşündirişli sözlügiñ" 2016-njy ýyldaky neşiriniñ "al" sözüne berýän düşündirişine ser salalyñ:
"AL (a:l) I, syp. Açyk gyzyl, gyzylyñ bir öwüşgini. "Ýañagyñ reñki al, uçmah gülüdir" (Nesimi). "Gyzyl diýsem gyzyl, al diýsem al sen" (Magtymguly). "Söwdügim, gül özün para eýlemiş, Reşk ediban ýañaklaryñ alyna" (Seýdi). "Otlar örer, dyza ýeter, mal doýar, Gelinleri ýaşyl geýer, al geýer" (K.Gurbannepesow).
□ Al petinden almak - biriniñ ýüzüni almak, dalamak.
AL (a:l) II, kön.s. Arwah, eýe, jyn. "Jynmu sen, ý almu senn Janyma ajalmu sen" (Zelili).
□ Al kakmak (çalmak) - arwah, jyn täsir etmek, sañsar telbe ýaly bolmak.
AL (a:l) III, at, lukmanç. 1. Iýmit çalşygynyñ bozulmagy netijesinde adamyñ bedeninde emele gelýän deri keseli, pis. 2. Belli bir kesel sebäpli, bedenden ganyñ köp gitmegi bilen aýal maşgalany huşuny ýitirmek derejesine ýetirýän dert. Al bolmak.
□ Al açmak - al keseli bilen kesellemek. Al ýanamak - ganyñ köp gitmek.
AL (a:l) IV, at. Hile, mekirlik, aldaw, sap, sapalak. "Çoh saýýatlar aldanarlar alyna, Köñlüm talwas eýlär goşa halyna" ("Saýatly-Hemra"). "Bu dünýäniñ köp ekendir allary, Başa saldyk niçe külpet hallary" (Seýdi). "Syndyryp bilmedi duşman erkiñi, Gabaw bilen, hile bilen, al bilen" (A.Kowusow).
□ Al salmak - aldamak, aldaw toruny gurmak, çoçgara çolaşdyrmak".[4]
"Düşündirişli sözlüklerde" albassy arwah-jynlar kategoriýasyna degişli edilşi dogry bolsa-da, arwah, jyn, eýe, şol sanda albassy ýaly göräýmäge manydaş ýaly görünýän sözleriñ hersiniñ aýry manysy, hersiniñ aýry düşünjesi bar. Üns berseñiz arwahdyr jyn hakyndaky düşünje yslam dininde köp duş gelýär. Yslam dinini teswirleýän çeşmelerem muña ýeterlik üns beripdir. Albassy düşünjesini aýdyñlaşdyrmazdan öñ, ilki bilen jyn düşünjesini, hususanam yslam ynanjyndaky jyn düşünjesini seljermäge synanşalyñ. Abdulhakim Arwasynyñ "Keşkul" kitabynda berilen düşündirişi "jyn" düşünjesini aýdyñlaşdyrýandygy üçin uzynragam bolsa, makalamyzyñ şu ýerinde getirsek dogry bolar:
"Hakykatdanam "Jyn barmy?" diýip soraýanlara kesgitli jogap bermek gerekdir. Çünki jynlaryñ bardygyna şübhelenmegiñ özi howpludyr. Jogap hökmünde yslam alymlarynyñ ynamdar kitaplaryndan alynan aşakdaky maglumatlary üns berip okamak we dogry netije çykaryp düşünmek gerek.
"Jyn", "jinnet", "jinan", "Jennet", "jenan", "jenin" ýaly "J" we "N" harplaryndan dörän sözler "perdeli" diýmegi añladýar. Jennet diýilýän ýer ir-iýmiş, gül-gunça, müşki-anbar yslar bilen perdelenen bolansoñ, oña bu at berlipdir. Dälilere "mejnun" diýilmegi hem olaryñ aklynyñ perdelenmegi sebäplidir. Gijä "Jünni leýl" diýilýär. Çünki tümlük gün şöhlesiniñ öñüni perdeleýär. Jyn diýilýän jandarlary görmeklige gözümiziñ perdelidigi üçin olara "jyn" diýlipdir. Jyn sözi "jinny" sözüniñ köplük sanydyr. Jyn - jinnylar diýmekdir. Peri diýen sözem parsça bolup jyn diýmekligi añladýar.
Mahluklar göz bilen görüp bolýan we göze görünmeýän iki topara bölünýär. Şeýle-de mekansyz we madda däl mahluklaram bar. Ymam Mawerdi şeýle diýýär:
"Jyn dört esasy maddadan ybarat: Suw, toprak, howa gazlary, ot. Bulardan, ot: alaw, şöhle we dumany öz içine alýar. Oduñ alaw böleginden ýaradylan we "Marij" diýilýän jynlaryñ möminleri we kapyrlary, pasyklary bardyr".
Ylymyñ kesgitlemegine görä, bu dört madda 105 elementden emele gelýär. Diýmek, ähli mahluklar elementlerden ýaradylyp, özlerinde energiýa (güýç) saklaýarlar. Adaty fiziki şertlerde gaty we suwuk ýagdaýdaky barlyklary we reñkli gazlary görýändigimiz üçin olardan ýasalan jisimleri-de görüp bolýar. Meselem adamda gaty maddalar we suw (75%) barlygy üçin adam göze görünýär. Ösümlikler we beýleki janly-jandarlar hem şeýledir.
Jynlar howadan we otdan ýaradylypdyr. Oduñ alaw bölegi göze görünmeýär, içindäki gaty zerreler, gyzgynlykda ýagtylýandygy üçin ýyldyrap görünýär. Şonuñ üçin jynlaram göze görünmeýär.
Alaw iki dürlidir: Biri zulmany (göze görünmeýän), beýlekisi nurana (bulam göze görünmeýär). Zulmanydan jynlar, nuranadan bolsa perişdeler ýaradylypdyr. Adamlar toprak maddalaryndan ýaradylanam bolsa, Allatagala bu maddalary organiki şekile, et-süñke öwrüşi ýaly, perişdelerde we jynlarda alawyñ formasy üýtgäp, olaryñ özüne mahsus şekillere öwrülýär.
Aýdyşlaryna görä jynlar we periler oduñ alaw böleginden ýaradylan jisimler bolup, her dürli şekile girip bilýärler.
Perişdeler bolsa nurana jisimlerdir. Olaram dürli formalara girip bilýärler. Perişde we jyn ýaradylyş taýdan biri-birine golaýdyr. Perişdeler, muhteremdir, sylag-sarpalydyr. Jynlar yzgytsyzdyr, hormat-sylagsyzdyr. Perişdede nur (şugla), jynlarda bolsa alaw maddasy agdyklyk edýär. Elbetde, nur zulmatdan zyýatdyr. Perişdeleriñ jynlara bolan ýakynlygy adamyñ haýwana bolan ýakynlygy ýalydyr. Adamlaryñ belent mertebä ýetenleri perişdeden ýokarda, jynlaram haýwandan ýokardadyr.
Yslam alymlarynyñ aglabasy perişdeleri jisim hasaplaýar. Dogrusy-da şudur.
Perişdeleriñ barlygyna ynanmaýan kapyrdyr. Olaryñ jisimdigine ynanmaýan kapyr bolmaz, ýöne dogry ýoldan azaşar.
Jynlaryñ barlygyna hem ynanmaýanlar kapyr bolar. Köne pelsepeçileriñ birnäçesi, kaderiýa (mutezile) pyrkasynyñ köpüsi, zyndyklar jynlaryñ we şeýtanlaryñ barlygyna ynanmadylar. Olar "jyn - paýhasly adam, şeýtanlaram - erbet adamlar" diýmekdir diýdiler. Elbetde, dini kitaplardan we yslam alymlarynyñ sözlerinden bihabar kişiler muña ynanman biler. Emma "Gurhanda" aýdylýanam bolsa we yslam alymlarynyñ kitaplarynda ýeterlik maglumatlar baram bolsa, kaderiýa pyrkasynyñ muña ynanmazlygy geñdir. Çünki bu mezhebe uýýanlar "Gurhana" ynanýandyklaryny aýdýarlar. Diýmek, olaryñ ynanjy belli bir möçberde ekeni. Jynlaryñ barlygy akla sygmajak zat däldir. Çünki bu, Allatagalanyñ gudratynyñ amala aşmajak zady däldir. Häzirki wagtda ylym, alymlar, akyl-paýhas eýeleri we din ulamalary akla sygjak zat däl diýlenleri inkär etmeýär. "Gurhanda" aýdylan zatlara sözüñ göni we belli manylary bermek gerekdir. Muhiddin ibn Araby (k.s) jynlaryñ barlygyny şu aýatlar arkaly subut edýär:
1. "Zariýat" süresiniñ 56-njy aýatynda "Ynsanlary we jynlary diñe meni tanap ytagat, ybadat etmekleri üçin ýaratdym" diýilýär.
2. "Rahman" süresiniñ 74-nji aýatynda jynyñ jennete girjekdigi barada aýdylýar.
3. "Rahman" süresiniñ 31-nji aýatynda "Eý ynsanlar we jynlar!" diýilýär. Pygamberimize (s.a.w) berilen "Resul-y sekaleýn", "Müftiýüsekaleýn", "Gawsüssekaleýn" (ýagny "Ynsanlaryñ we jynlaryñ pygamberi, müftisi, welisi" diýmek) ýaly epitetlerem jynlaryñ barlygyna iñ gowy delildir".[5]
Köplenç jynlar bilen baglanyşdyrylýanam bolsa, albassy obrazy gadymy türkmen mifologiýasynda iñ tanalýan, iñ eýmenç obrazlaryñ biridir. Albassy esasan aýal-gyzlaryñ başyna musallat bolup inýän erbet ruhly mahluk hökmünde tanalýar. Çünki albassynyñ öz urkaçy jynsly arwah ýa-da şeýtandyr. Ýewreý mifologiýasynda albassy ynanjyna meñzeş Lilit hakyndaky rowaýatlar bar. "A:l" sözüniñ Lilit (Lil) sözi bilen etimologiki taýdan ýakynlygyna ünsi çekmek bilen, aslynda Lilit hakyndaky rowaýat hem gadymy türkmenleriñ albassy ynanjyndan gözbaş alyp gaýdýandygy ähtimallygyna bilelikde seredip geçsek, gyzykly bolsa gerek. Muny aýdyñlaşdyrmak üçin ilkinji nobatda Lilit hakynda düşünje bermäge synanşalyñ.
■ Lilit rowaýaty
Rowaýata görä, How ene Adam atanyñ çep gapyrgasyndan ýaradylmanka, Adam ata bilen bir wagtda we deñ şertlerde bir aýal hem ýaradylanmyş. Ol aýalyñ ady Lilit eken. Olar Hudaýyñ peşgeş sunan behiştinde gülüp-oýnap, agaýana döwran sürüp başlanam bolsa, hiç oñuşmandyrlar. Çünki Lilit zol-zol "men seniñ bilen deñ derejede toprakdan ýaradyldym" diýip, Adam atanyñ diýenini etmejek bolupdyr. Ol ahyrsoñunda Ýaradanyñ agzamasyz edilen atlaryndan birine agzap, Adamyñ ýanyndan aýrylypdyr we Ýere inil Gyzyl deñiziñ golaýyndaky gowaklaryñ birine gelipdir. Lilitiñ Adamy ýeke goýup gitmegine Hudaý gynanypdyr we Adam ata uklap ýatyrka onuñ gapyrgasyndan How enäni ýaradypdyr. Täze ýaradylan aýal Adamyñ synasynyñ bir bölegidigi üçin oña hiç haçan garşy gitmändir.
Änew medeniýetiniñ Mesopotamiýadaky dowamy bolan we türkmenleriñ gadymy ata-babalarydygy taryhy subutnamalar bilen delillendirilen şumerleriñ "Gilgameş" eposynda hut şu Lilitiñ ady agzalýar.
"Gilgameşden" soñ dörän "Talmut", "Öli deñiz ýazgylary", "Kabala" ýaly gadymy ýewreý çeşmelerinde hem Lilit adynyñ geçmegi, ýewreý mifologiýasyndaky Lilit obrazynyñ aslynda, gadymy türkmen mifologiýasyndaky albassy ynanjyndan alyp gaýdýandygyny görkezýär. Ýewreý mistisizminde Lilit Hudaýa garşy giden "urkaçy şeýtanyñ" adydyr. "Gurhanda" How eneden öñ Adam atanyñ ýanýoldaşynyñ bolandygy barada hiç hili agzalmaýandygyna görä, Lilit rowaýatynyñ gözbaşynda gadymy türkmen ynanjyndaky "Albassynyñ" durandygyny ylmy taýdan subut etmek kyn düşmese gerek.
Lilit ibrany dilinde (gadymy ýewreý dili) "Laila" sözüne baglanyşdyrylýar we onuñ manysy "gije gezýän ruh" diýmekdir. Ol köplenç goñras reñki halaýarmyş we hemişe goñras reñkli eşikleri geýýärmiş. Özem gyzyl saçlary bulam-bujar bolup, ak teni, ýanyp duran zümerret gözleri bilen başyñy-gözüñi aýlap barýarmyş. Ýokarda "Düşündirişli sözlüklerde" "a:l" sözüne berlen düşündirişlerde reñk taýdanam, many taýdanam, düşünje taýdanam berilen ähli kesgitlemeler Lilitiñ daşky keşbine we sypatyna laýyk gelýär.
Lilit hakyndaky rowaýatyñ şumerlerden dörändigine başga-da ýeterlik subutnamalar bar. Mysal üçin şumerlerde ýeliñ we harasadyñ şeýtany Lil bilen Babyldan daşarda ýaşaýan şeýtanlar bolan Lilutylaryñ alamatlatlary bilen baglanyşykly Lilit täze ady bilen gadymy ýewreý ynanjyna Adam atanyñ öñki aýaly hökmünde aralaşypdyr.
Şumer freskalarynda şekillendirilen Lilit jynsy meýilliligiñ, yrsgal-berekediñ we uruşyñ zenan hudaýy Inanna baradaky maglumatlar bilen meñzeşlik görkezýär. Şumer çeşmelerinde erkekleri azdyrmak üçin Inanna tarapyndan ugradylan lilitular (albassylar) edil Inanna ýaly ellerindäki bereketi we bolçulygy alamatlandyrýan gargy tüýdükleri bilen iki sany ýolbarsyñ yz tarapynda durýarlar.
■ Lilit we şeýtan
Töwratda ähli janly-jandarlaryñ iki jübüt ýaradylandygy barada aýdylandan soñra, Hudaýyñ adamy öz keşbinde, erkek we urkaçy jynsynda ýaradyp: "...Köpeliñ, ýer ýüzüni dolduryñ..." diýen jümle bardygyna garamazdan, has soñra "Heniz ýerde ýeke düwür ot-çöp ýokdy, ... ýeri işläp bejerjek adam ýokdy. ...Hudaý ýeriñ topragyndan adam ýaratdy... Hudaý şeýle diýdi: Adamyñ ýalñyzlygy gowy zat däl, oña mynasyp kömekçi ýaratjak... Adamyñ üstüne agyr ukyny büredi, ...Onuñ ...gapyrga süñkünden bir aýal ýaratdy we adama berdi" diýen ýaly başky jümlä çapraz jümleler bar.
Talmutda Adam bilen bir wagtda ýaradylan ilkinji zenanyñ Lilitdigi, soñra How enedigi aýdylýar. Ylahy kitap hasaplanylýan bu gymmatly çeşmeleriñ şular ýaly bulam-bujarlygyna nähili düşünse bolar?
Lilit hakynda irki Orta asyrlara degişli bolan we ýewreý urp-adatlaryna ýiti täsirini ýetiren "Ben-Sira elipbiýinde" hem agzalýar.
Lilit rowaýatynda aýdylyşyna görä, Adam ata ýaradylanda ol hem onuñ bile deñ wagtda toprakdan ýaradylypdyr. Hudaý Lilitden Adama tagzym etmegi talap edende, ol Adam ata bilen deñ derejededigini aýdyp, tagzym etmekden ýüz dönderipdir. Talap ikilenç tekrarlananda, Lilit Adam atanyñ heniz bilmedik Hudaýyñ gizlin ismi-şerifini (adyny) aýdyp (bu at Jennetden çykmagyñ hem açarsözi eken) Jennetden gaçýar.
Adam ata Hudaýa seslenip: "Eý, Ýaradan! Maña berlen aýal meni taşlap gitdi" diýýär.
Hudaý Lilitiñ yzyndan Senoý, Sansenoý we Semangelof atly üç perişdesini ugradyp, onuñ Adam atanyñ ýanyna dolanyp gelmegini towakga edýär hem-de "Yza dolanyp gelmedik ýagdaýynda her gün ýüz oglunyñ ölümüne şaýat bolar" diýýär. Perişdeler Lilitiñ söbügini sypdyrman ony yzarlap başlapdyrlar. Daş-töwerek hyzzyn atýan aýgyr şeýtanlardan dolupdyr. Lilit şol şeýtanlardan her gün ýüz sany şeýtan dogurypdyr. Perişdeler ahyrynda Liliti Gyzyl deñiziñ kenarlarynda ele salýarlar we oña Hudaýyñ talabyny ýetirýärler. Emma Lilit berilen duýduryşlara garamazdan Adam atanyñ ýanyna dolanyp barmak islemändir...
Perişdeleriñ Liliti tapyşlarynyñ başga-da birnäçe görnüşli rowaýaty bar. Emma has giñden ýaýran rowaýatlaryñ birinde Lilitiñ dowzahyñ ýedi mahlugynyñ biri Asmodeý (ýa-da Aşmedaý) bilen bile şeýtan dogmalaryny we jynlary döredenligi aýdylýar. Onuñ wekilçilik edýän iñ uly günäsi bolsa - şöhwetdir. Lilit mundan beýläk aşa şöhwetlilikden ýaña iblise öwrülýär we Jennete dolanyp barmakdan, Adama tagzym etmekden gutarnykly ýüz dönderýär. Käbir rowaýatda onuñ Adam atadan ösüp-örñejek aýallaryñ çagalaryny ogurlamaga ýa-da öldürmäge ant içýär, erkekleriñ önelgesizliginiñ we çaga ölümleriniñ hem baş sebäpkäri Lilit hasaplanýar.
Perişdeler oña yza dolanmadyk ýagdaýynda her gün ýüz çagasynyñ (onuñ çagalary jynlar, şeýtanlar, wampirler we ş.m. mahluklar hasaplanýar) öldüriljekdigini duýdurýar. Lilit aýdylany etmänsoñ, şert ýerine-de ýetirilýär. Lilit munuñ beren çäksiz gynanjyndan ýaña Adam atanyñ neslinden önjek ähli kiçijik çagalaryñ, göwreli we çaga dogurýan aýallaryñ baş duşmany boljakdygyna, erkek çagalar doglandan soñ ilkinji sekiz günüñ dowamynda, gyz çagajyklaryñ bolsa ilkinji ýigrimi günde janyny aljakdugyna ant içýär. Ol diñe boýnunda bu üç perişdeden biriniñ ady ýazylan ýada suraty çekilen kalýesi we tumary bar çagalara batyrnyp bilenokmyş. Aslynda kiçijik çagalaryñ sallançagynda göz-dilden, bela-beterden we keselden goramak üçin asylýan gözmonjuklaryñ şeýtansypat aýal Lilitden (Albassydan) goranmagyñ gadymlaran galan edim-gylymlaryñ biridigini çak etse bolar.
Lilit şondan soñam dek oturmandyr. Ol Adam atanyñ başyna musallat bolup inmegini dowam edipdkr. Ogly Kabylyñ eden jenaýatyndan soñ How enäniñ ýanyndan aýrylyp, ýer ýüzüne getiren ilkinji etmişi sebäpli tutuş 130 ýyllap oraza tutan Adam ata gijelerine düýşünde ýygy-ýygydan Lilitiñ hüjümlerine uçraýar (deñeşdir: gara basmalar). Käbir rowaýatlar bolsa Adam atanyñ Lilitden bolan oglunyñ Kabyldygyny aýdýar. Lilit näletlenen perişde Samael bilen ýaşaşyp başlapdyr. Hudaý Samael bilen Lilitden bolan lilinleriñ ýaýramagynyñ öñüni almak üçin Samaeli biçip taşlapdyr. Mundan soñ Lilit Samaeli taşlap, şöhwetden ýaña dolup-daşýan we ähli ifritleriñ patyşasy Asmodeýiñ aýaly bolýar we gijelerine erkekleriñ düýşüne girip, olary azdyrmaga başlaýar (şeýtany bolmak, ýagny ukuda ýatyrkañ özüñ bilmezden döllenmek).
Käbir ifritşynaslar Asmodeýiñ, Samaeliñ we yslam dinindäki Azazylyñ (Şeýtanyñ) birdigini hem-de Lilitiñ ähli ifritleriñ enesidigini öñe sürýär. Samael bilen Lilitiñ jübütinden Bafomet atly nerremada[6] mahluk döreýär. Lilit indi şer güýçleriñ hataryna gutarnykly girýär we adamzat nesliniñ başyna injek nijeme bela-beterleriñ esasy sebäpkäri bolup çykyş edýär. Onuñ getirýändigine ynanylýan erbetlikleriñ sany barmak büküp sanardan köp. Medisinada "SIDS sindromy" diýip tanalýan we sallançakdaky çagalarda duş gelýän, emele geliş sebäbi häzirem anyk düşündirip bolmaýan ölüm howply keseli Lilidiñ getirýändigine ynanylýar. Şeýle-de, Lilit göwreli we çaga dogurmakçy bolýan aýallaryñ başyna musallat bolup, çaga düşmelerine, öli çaga dogurmalaryna we eneleriñ ýaş üstünde ölmelerine sebäp bolýarmyş. Ýeke uklap ýatan erkekleriñ erotiki düýşleri görmegine sebäp bolup, olary "şeýtany etmek" arkaly, özi göwreli bolýarmyş we jynlaryñ sanynyñ artdyrýarmyş. Ýüz görülýän aýnalary mekan tutunyp, aýna köp seretmegi werziş eden aýal-gyzlary öz tarapyna çekermiş. Ýewreý aýal-gyzlary ärleriniñ bu şeýtan aýala özlerini aldyrmazlygy üçin ýatýan otaglarynyñ diwaryna "Adam ata bilen How ene girsin, içeri 11 (Lilit) girmesin" diýip ýazgy ýazýarlar.
Lilit hakynda iñ köp ýaýran rowaýatlaryñ umumylygy: onuñ ilkinji ýaradylan zenanlygy, deñlik islänligi, jennetden öz islegi bilen çykanlygy, çaga ölümleriniñ sebäpkäridigi, ilkinji günä edilmänkä Aden uçmahyndan çykandygy üçin Adam ata berilen başy ölümlilik jezasyndan azatlygy we şonuñ üçinem häzirem aramyzda ýaşap ýörenligidir. Gözbaşyny Albassy ynanjyndan alyp gaýdýandygyna garamazdan, ýewreýler muña özboluşly röwüş çaýdylar we Adam atanyñ ýaradylyşy hakdaky rowaýatlar esasynda gaýtadan işläp, düýbünden başga hili legendalaryñ döremegine sebäp boldular. Lilit hekaýaty Gündogar halklarynyñ arasyna şeýle bir ýaýrady welin, çaga dogran ene we doglan çaga kyrk günüñ dowamynda ýeke goýulmaýar ("kyrk çille"). Dogrusy, bu ynanjyñ başy albassy bilen baglanyşyklymy ýa-da Lilit hekaýaty bilen?... Aradan geçen müñlerçe ýyllaryñ dowamynda halklaryñ arasynda ýugrulyp-ýülmenip gelnen şu we şuña meñzeş yrym-ýomlaryñ ilkibaşda haýsy halkdan dörändigini anyklamak kyn.
Kyrk çilledäki enäniñ we çaganyñ bolýan otagynda köplenç Gurhan goýulýar, çaganyñ başujunda bir döwüm çörek ýa bolmasa pyçak goýulýar. Kyrk çilledäki bäbek agşam namazynyñ azanyndan soñ daşary çykarylmaýar[7]. Bu edim-gylymlaryñ ählisi ene bilen çagany agşam namazynyñ azanyndan tä ertir namazynyñ azany gygyrylýança aralykda täze dünýä inen çagalaryñ bolýan öýüne aralaşmaga synanyşýan "Albassy heleýden" (Aýjyndan) goranmak üçin ýerine ýetirilýär.
Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, ýewreý çeşmelerinde ilkinji zenan hökmünde Adam atanyñ ilkinji aýalydygyna ynanylýan Lilitiñ gözbaşy gadymy şumerlere çenli uzaýar. Şumer we Babyl mifologiýasynda Lilitu atly ýeliñ hudaýy bar. Lil - ýel, şemal, gaý diýmekligi añladýar.
Lamatsu halk arasynda garabasma keseli diýip tanalýan näsaglygyñ ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr we göwreli aýallara azar berip, täze doglan bäbekleri öldürmäge synanşypdyr.
Ýewreýleriñ ezoteriki taglymaty bolan "Kabalada" Lilit erkekleri azdyrýan we betbagtlyk getirýän urkaçy şeýtan hökmünde sypatlandyrylýar:
"Her tüýsli bezemen egin-eşiklere bürenip, jilweli aýala öwrülýär. Onuñ bägül deýin gyzyl saçlary bar. Sözleri ýag ýaly, lebleri dünýäniñ ähli tagamyndan datly. Oña ýönelen we al şerapdan owurtlan akmaklar zyna eder".
Emma soñunda oýananlarynda olary öldürer ww dowzahyñ edil ortasyna oklar. Aslynda onuñ bar maksady erkekleriñ başyny-gözüni aýlap, köp sanly çaga dogurmakdyr.
"Lilit ahyrsoñunda onda-munda selpäp adamzadyñ aýagyndan aslyşyp gezer we öz-özlerini hapalar ýaly ýagdaýa salar".
Kabalaçylaryñ esasy eserlerinden "Zoharda" agzalýan bir rowaýata görä, aýbaşydygyna garamazdan How enäni Adam ata bilen jübütleşmäge yranam ýylan keşbine giren Lilit loludan başga hiç kim däldi.
Lilit adyna soñra IX-X asyrlara degişli hasap edilen "Ben-Sira elipbiýinde" duş gelmek bolýar.
■ Aýjyn - albassy
Gepleşik dilimizde aýdylýan "Aýjyn" hut şol Lilitiñ (dogrusy Albassynyñ) türkmençe garşylygydyr. Käbir edebi eserlerde "aýjyn" betnyşan, saçlary buýr-bulaşyk, owurtlary içine çöküp giden, güýçli we uzyn boýly aýalyñ keşbinde suratlandyrylýar. Mysal getireliñ:
"Garran, betnyşan albassy başyny kakdy..."[8]
ýa-da:
"...Alamandan gelýärkä, gumda Albassa duşupmyş, Albassy bilen tutluşyp, onuñ kellesinden bir penje saçyny ýolupmyş..."[9]
Käbir mifologiki çeşmeler bolsa olaryñ dünýädäki iñ owadan aýaldan hem müñ esse owadan bolýandygyny aýdýar. Gazaklarda "jadylaýjy aýal" sözi "dar ýere giren aýal" manysynda ulanylýar. Iñ uly albassy ullakan möle gözli, boýdanbaşa demir sowutly erkekdir. Emma munuñ "Heleý albassy" obrazyndan döredilen soñky obrazdygyny duýmak kyn däl.
Gazak çeşmelerinde albassy alnynda ýeke gözi bolan ýigrenji mahluk hökmünde sypatlandyrylýar. Albassy heleý, ýagny Aýjyn köplenç gyzyl-gara reñkli uzyn eşik geýýär. Onuñ iñ halaýan zady atlaryñ ýalyny örmekmişin. Ony ele salmak üçin eşiginiñ ýakasyna iññe sançmak ýeterlikmiş. Çaga dogran aýallara musallat bolan bu ýigrenji ruhuñ al heleý, aýjyn, albassy, albis, almis ýaly atlary bar. Albassa iki ýagdaýda duş gelinýär. Sary albassy we gara albassy bolýar. Sary albaasy saryýagyz aýalyñ keşbinde gezýärmiş. Ol käte geçidir tilkiniñ keşbine-de giriberýärmiş. Gara albassy has agras, agyr ýüzli, sary albassy bolsa onuñ tersine kilçik we kezzap bolýarmyş.
■ Ýakutlaryñ Aýjyn ýa-da Albassy mifologiýasy
Ýakut mifologiýasynda aýjynlara "abasy" (ýa-da "Abahy", "Abazy", ýakutça: Aбаасы/Aбааһы) diýilýär. Ýakutlarda şeri alamatlandyrýan hem-de olardan goranmak üçin olara haýwan gurban edilýän ruhlara "abasy" ("aýjyn") diýilýär. Abasy (Aýyhy) Orta Aziýa we Günbatar Aziýa türki halklarynda "Albassy", "Al heleý", "Aýjyn", Osmanly türkmen çeşmelerinde "Albiz", Urýanhaý-Tuba türki taýpalarynda "Albis", Altaý daglarynda ýaşaýan türki taýpalarda "Almyş" adyny alan aýratyn häsiýetli türki motiw bolup garşymyza çykýar. Adamlara howp salýan abasylaryñ ýer astynda ýaşaýandygyna ynanylýar. Olar demir dişli, ýeke aýakly (ýa-da aýaksyz), ýeke gözli we kel bolýarmyş. Howply we ýigrenji keşpli haýsy jandar bar bolsa, şol ýerde abasylar barmyşyn. Olar adamlary ýoldan çykarýar, käbirlerini däliredýär. Maslyk iýip gezýärler. Adamlaryñ ruhuny ogurlap bilýärler. Biri-biriniñ yzyndan we göze görünmän gezýärler.
Bu sypatlandyrma käbir çeper eserlerde hem öz beýanyny tapypdyr. Mysal getireliñ:
"...Alasarmyk düýşde görülýän albassy ýaly bolup..."[10]
Gara ruhlar adamyñ başyndan köplenç ýeke wagty, kömege mätäç ýa-da näsag wagtlary inýär. Göze görnenoklar, ýöne olary şamanlar görüp bilýär. Abasylaryñ berýän bimazalygy sebäpli näsaglyga "tolaýsy" diýilýär ("tolaýsymak" işligi bilenem añladylýar).
Köne türki medeniýetinde bag-bakjalarda dikilýän garantgalara "Abaky" diýilýär we bu abakylaryñ iniñi tisgindiriji gorkunç keşbiniñ barlygy üçin abaky sözüniñ abasy sözi bilen gönüden-göni ýakynlygy bolaýmaly. Aslynda garantgalar (abasylar) has irki eýýamlarda erbet ruhlardan goranmak üçin öýlere we bag-bakjalara dikilen heýkellerden, oñonlardan ýa-da simwoliki sütünlerden gözbaş alyp gaýdýar.
Ýeriñ üstünden ýer astyna inenleri hem özlerini görmeýär. Olar "Çak" we "Çor" diýen iki topara bölünýär.
1). Çak ruhlary:
Çaklaryñ başynda iñ "Uly Çak" bolýar. Ol betnyşan sypatly, hyžlawuk sesli we 12 kelleli mahlukdyr. Gysga boýly çaklar ýer astynda ýaşaýar, ýaz gelende ýeriñ ýüzüne çykyp, agaçlaryñ köklerinde mekan tutýar.
Yslamdan soñky arap medeniýetinde Deçjalyñ atasy hasap edilen we Şeýtany hem alamatlandyrýan, ýazzy mañlaýynda ýeke gözi bolan Şik atly mahlugyñ Çak bilen ýakynlygyna etimologik taýdanam, sypatlandyrma taýdanam üns bermän geçmeklik mümkin däl.
Araplaryñ düşünjesinde bu mahluk iki kişidir we öñdengörüjilik ukyplary bar.
Çulym türki taýpasynda kamlyk (şaman ruhanysy) edýän şamanlaryñ "Çak çak" ýa-da "Çek çek" diýip ruhlardan kömek soraýandygy barada maglumatlar käbir çeşmelerde gabat gelýär. "Çak-çek" düşünjesi türki mifologiýa yslam bilen bile girendigi düşünilýän Şeýtan bilen bir manyda ulanylýar.
2). Çor ruhlary
Çor ruhlarynyñ hoşniýetlileri we betniýetlileri bolupdyr. Olar her ýerde bolup bilýär we göze görünmeýär. Penakärlik edip bilenoklar. Başyboş entäp ýörenem bolsalar, agaçlaryñ aşagyna, garañky çolalyklarda, harabalyklarda, ýumrulan jaýlaryñ arasynda, suwuñ başynda, köprüleriñ aşagynda ýaşamaklary olaryñ tilsimli we göze görünmeýän güýçler bilen ýakynlygynyñ barlygyny görkezýär. Çorlar demirden gorkýarlar. Her bir işiñ başyny "Bismilla" diýip başlamak olary bizden daşlaşdyrýar ("Bismilladan" çekinmekleri yslamyñ täsiri bilen kämilleşen dessurdyr).
Jynlaryñ kellesine geýen telpegi ele salynsa, şol jyn ölýärmiş, ölmänkä-de göze görünmezlik ukybyny ýitirýärmiş. Çünki ony göze görkezmän saklaýanam kellesindäki telpegimiş. Ýeri gelende, ertekilerde we dessanlarda jadyly börügi geýip göze görünmeýän keşbe girýän personažlaryñ bardygyny belläp geçmek gerek. Megerem, ol jadyly börükler jynlardan alynan bolmaly.
Çorlaryñ ýylan we guş keşbinde görünýänleri hem bar. Tüýsden tüýse geçip bilýärler. "Çor urupdyr", "çor degipdir" diýen sözler jynlar bilen baglanyşyly näsaglyklary añladýar.
Türkmenleriñ arasynda muña meñzeş näsaglyklar "ýeldirgeme", "gözüne gara görünme", "yzyna gara düşme", "erni gyşarma", "eli-aýagy ysman galma" ýaly görnüşde duş gelýär. Nohurly hojalarda şuña meñzeş näsaglyklary okap bejerýän ýörite adamlar bolupdyr.[11]
Esasanam "erni gyşarma", "eli-aýagy ysman galma" çorlar bilen baglanyşdyrylýar.
Çorlar kämahal ruhy taýdan näsaglygy hem alamatlandyrýar. Çorlaryñ "biçura" diýen görnüşi jaýlarda we plýažlarda bolýar, aýal sypatyna girýär. Ol gyzyl reñkli eşikde sypatlandyrlýar. Çorlaryñ "arçura" atly başga bir görnüşi bolsa tokaýlarda gezýär.
"Çötrög" mongol dilinde şeýtan diýmekligi añladýar. Çötrög oýun oýnamany gowy görýärmiş we kimde-kim onuñ bilen oýun oýnamaga razylyk berse, çötrög tä ony öldürýänçä öz gününe goýmaýarmyş.
Ýakut dilinde "erbet ruh" diýmegi anladýan "çugort" sözi bar. Geçirilen barlaglar rus dilindäki "чёрт" sözüniñ türki dillerdäki "çor" sözünden gelip çykandygyny görkezdi.
Rus dilinde "Чёрт" sözi "dowzahda ýaşaýan, şer güýçlere wekilçilik edýän adatdan daşary mahluk, "Şeýtan we Iblis" manysyny berýär. Belarus dilinde-de ulanylan "çýort" sözi rus dilindäki bilen bir manyny berýär.
- Akçora (Akçör): Gowy, hoşniýetli ruh;
- Garaçora (Garaçör): Erbet, betniýetli ruh;
- Bıçura: Ammar jyny;
- Arçura: Tokaý jyny;
- Çorabaş (Çörbaş): Türk we Altaý halk ynanjynda togsan sany goýnuñ derisinden tikilen possuny, segsen sany goýnuñ derisinden tikilen börüginiñ barlygyna ynanylýan jyn.
- Çertegri: Türk we Altaý halk ynanjynda şeýtan düşünjesi bilen bir manyda ulanylýar. Çertegriler çorlaryñ iñ howplusy we iñ erbedidir. Olar adamlara öwezini dolup bolmajak ýitgileri berip bilýärler. Gorkunç çertegrileriñ dürli artykmaçlyklary bolupdyr.
yaklaşık olarak şeytan kavramını karşılar.
- Çoraman (Çöraman): jynlar bilen gidişýän kişilere çöraman diýilipdir. Olar okamak arkaly adamyñ ruhuna aralaşan jyny çykarypdyr. O dünýä degişli mahluklaryñ kemis synaly (bir elli, bir aýakly ýa-da ýarpy kelleli) bolýandygy sebäpli, olar bilen gidişýän kişileriñem añ ýa-da beden taýdan ýarpy bolma ähtimallygy baradaky ynanç giñden ýaýran. Bu ynanç "jyn urma", "ýeldirgeme" ýaly sözler bilen añladylýar. Şonuñ üçin bular ýaly mahluklar bilen iş salyşmak howpludyr.
■ Albanlar
Şeýle-de, ýakut mifologiýasynda erbet ruhly topara "alban" diýilýär. Albanlar albassylar bilen baglanyşykly topardyr. Olaryñ iññän bedroý ýüz keşpleri we atlary bolupdyr.
Albanlar öz janyna kast edip ölen adamlaryñ ruhundan döreýärmiş. Türkmenlerde we beýleki türki halklaryñ ynanjynda öz janyña kast etmegiñ halanylmaýanlygy şu ynanç bilen baglanyşyklydyr. Albanlaryñ tersine bakýan gözlwei we ýokary galgap duran bulaşyk saçlary bolupdyr.[12]
Albassynyñ dowla düşüriji eýmenç aýratynlygy çeper eserlerde täsirli metaforalar üçinem ulanylýar:
"Üstündäki atlylaryñ: "Albassy-da albassy!" diýen gykylyklary bolsa tutuş leşgeri dowla saldy".[13]
■ Albassy sözüniñ başga dillerdäki aýdylyşy
Başgyrtça: Аlbasty
Özbekçe: Аlbastý
Altaýça: Аlsastí
Türkmençe: Аlbassy
Gyrgyzça: Аlbarstý
Nogaýça: Albasly
́Kumykça: Аlbaslý
Balkarça: Аlmasty
́Täjikçe: Аlbasti
Lezginçe: Аlpab
Çeçençe: Аlmazy
ÝagnobiÇe: Аlvasty
Çuwaşça: Алпастă
Sogdça: Olbastý
"Direliş. Ärtogrul" teleserialynda Ümürbegogullary atly türkmen tiresiniñ begi Bekpolat begiñ lakamy hökmünde ulanylmagy bilen "Albassy" sözi gepleşik dilinde hasam işjeñleşen bolsa gerek. Ýöne teleserialda Bekpolat begiñ göterýän Albassy lakamy albassynyñ düýp manysy bilen logiki taýdan çapraz düşýär. Sebäbi ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, gazak medeniýetinde baş Albassynyñ erkek jynsda sypatlandyrylmagyna garamazdan, Albasssy - aýal jynsly mahlugyñ adydyr.
__________________________________________
■ Çykgytlar:
[1] "Türkmen diliniñ düşündirişli sözlügi", Aşgabat-2016.
[2] Osman Öde "Gorkut ata hakykaty", makalanyñ saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/gorkur_ata_taglymatynyn_esaslary_1_gorkut_ata_hakykaty/2019-02-23-5408;
[3] "Türkmen diliniñ düşündirişli sözlügi", Aşgabat-1962.
[4] "Türkmen diliniñ düşündirişli sözlügi", Aşgabat-2016.
[5] "Jyn barmy diýen soraga jogaplar", saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/jyn_barmy_diyen_soraga_jogaplar_1/2018-08-09-1854;
[6] Nerremada - ikinjynsly. Hunsa we nerremada sözleriniñ ikisem germofrodit sözüniñ türkmençe garşylygydyr. (Goşmaça maglumat üçin Kakamyrat Ataýewiñ "Ölüp-direlen" romanyna seret);
[7] Kipr türkmenleriniñ taryhy, saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/kipr_turkmenlerinin_taryhy_14_dowamy/2019-04-25-6647;
[8] Robert Tomkinsiñ "Hakykaty gözläp" hekaýasyndan, saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/hakykaty_gozlap/2019-03-31-6230;
[9] Nobatguly Rejebowyñ "Dünýe haçan namart oldy?" powestinden, saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/dunye_hacan_namart_oldy_powest/2018-10-03-2720;
[10] Serdar Ataýew "Mete han" romanyndan, saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/mete_han_romandan_bolek/2018-12-10-3846;
[11] Wladimir Basilow "Nohur hojalary", saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/nohur_hojalary/2019-04-04-6341.
[12] Najiýe Ýyldyz "Sibir türklerinde mifologiýa";
[13] Serdar Ataýewiñ "Gaýym gala" hekaýasy, "Edebiýat we sungat" gazetiniñ 09.03.2007-nji ýyldaky sany, saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/gayym_gala_hekaya/2019-05-01-6733)
■ Goşmaça maglumat üçin edebiýatlar:
1). Pertew Naili Borataw, "Türk Mifologiýasy: Oguz-Anadoly-Azeri-Türkmen", "Bilgesu" neşirýaty-2012, Terjime eden Rejep Özbaý;
2). Deniz Karakurt "Türk gepleşik sözlügi", Türkiýe, 2011, e-Kitap (OTRS: CC BY-SA 3.0);
3). Bahaeddin Ögel, "Türk Mifologiýasy";
4). Jelal Beýdili "Türk Mifologiýasynyñ enlopedik sözlügi", "Yurt" neşirýaty.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Has TÜRKMEN.