(Dowamy)
Jaýyň içindenmi ýa-da astyndan,
Enäň sesi geldi ýeriň pestinden:
«Iki horjun puly okla üstümden!
Ýogsa gyz ýok!
Pulsuz molaşyň besdir!»
Gorarys, ene jan, gyzlaryň erkin.
Galyň diýen zadyň bereris merkin.
Belläp onuň üçin, ýedisin, kyrkyn,
Soň bolsa,
Aşyndan doýmaşym besdir...
Geçdi gapdalymdan, ýüz oglan, ýüz gyz,
Ädimler edepli, gürrüňler eziz.
Ýöne näçe-näçe hile bar heniz,
Içine gir,
Daşdan synlaşyň besdir!
Salam berip geçdi tanyş bir gelin.
Bagry pide-pide, ýüregi dilim.
Eý, gelin, asmana ýetýärkä eliň,
Söýgi bilen
Gurjak oýnaşyň besdir.
Ol ýigide seni çatmandy hiç kim,
Şepbik dek ýelmeşdiň.
Tirkeşdiň üç gün.
Dördünji gün derrew sypadyň saçyn,
Bäşinji gün
Eýýäm aldanşyň besdir.
Peseltdiň mukaddes mertebäňi sen,
Aýlap ýere çaldyň gyz jygaňy sen.
Indem başa düşen pajygaňy sen
Içiňe sygdyrman,
Aglaşyň besdir.
Erkiň-ygtyýaryň, elbetde, seňki,
Ýöne weli dälsiň özüň özüňki!
Özüň – Watanyňky, Watan – biziňki.
Seni Watan kimin
Gabanşym besdir...
Gepledi Aşgabat. Ýaňlandy konsert.
Özgert, aýdym, gödek zatlary özgert!
Her gezek tenime girende bir dert,
Diňe seni diňläp
Sagalşym besdir.
Tutuş bagrym bilen guwanyp ýagşa,
Öýe ýetip barýan diň salyp bagşa.
Hiý, şu wagtam signal bolar oguşýa!
Eý, maşyn,
Bimahal gugurşyň besdir.
Göter, Sahy bagşy, ýene-de göter,
Göter, Çuwal bagşy, ondanam beter.
Göterdiler. Serpaý haýsyna ýeter?
Bir serpaýy
Des-deň paýlaşym besdir.
Ikisi-de biri-birinden beýik.
(Beýikleň boýuny ölçemek aýyp!)
«Her haýsy bir dagyň örküji» diýip,
Goşa daga
Des-deň buýsanşym besdir.
Aýdymyň yzyndan ýaňlandy bir saz.
Bu niçik gudratka, bu niçik owaz?
(Mylly atam,
gowşat taryňy biraz.
Ogluňy jadylap
Gynaýşyň besdir).
Onýança ýaňlandy ne bir mukam.
Çalýanlaň ýüregi hazynamykan?
...Eý açgöz,
şuň ýaly baýlygmyz barkan,
Ýene baýlyk gözläp,
Aýnaşyň besdir.