barlagcy
30.11.2020 20:18
Indi ahmyr çekmek hebesdir, hebes
Perwanañ hijrany boýun aldy dünýäm
Öýkene ýetenik azajyk nepes
Köñül kölüm eýýäm boýlandy dünýäm.

Ýolumyz sowamy, özümiz tersmi
Bilemok
Bilýänim söwdamyz şertli
Derdimiz dermana dep boljak şertmi
Ah, dermansyzlygy söýlendi dünýäm.

Ýenede nijeme ahmyr bar içde
Hemmesem gam bilen gowurdy bişdi
Şu mahal ýenede ýadyma düşdiñ
Aýralygyñ toýy toylandy dünýäm.

Kalba damja bilen siñýäñ ýagyşda
Ýüregimiñ agysy diñýär ýagyşda
Bolmady,
Ölmedim,
Ýöne bagyşla
Aşygyñ bir ziba öýlendi dünýäm.
15
157
sahet_ashyrov
2 Dekabr 2020
Gowy gosgy
Doctor
1 Dekabr 2020
? ? ? ? ? ?
gulshatayewa97
1 Dekabr 2020
Soňky setiri ýürege degýä....
Greenleaf
30 Noýabr 2020
?????? gynandyrjy
guli_
30 Noýabr 2020
?????G❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.