barlagcy
28.11.2020 22:09
Serde senli setirleriň joşguny
Erk berenok ýüregime henizem.
Aňylmadyk bir syr bolup galypdyr,
Duýulmadyk duýgulary «eziziň».

Wagty geler, ýalňyşyňy düşündi:r,
Seni basym dolar ýyllar ýanyma.
Bil, ahmyrdan azap çeken mahalyň,
Men gülerin.
Ynan!
Ýylgyrýanyma
düşünmersiň, belki, düşünersiňem,
Emma giç bor, üýtgedere pursady.
Hyrçyň dişläp, diliň bir söz gaýtalar:
«Ters täleýi wah, täzeden gursadym!».

Dursadyň, wadaňda wepaň bolsady,
(Ygraryňa ygtykadyň ýok seniň!).
Men hem sensiz ýaşamaryn öýderdim,
Ýaşaýan.
Neneň?!..
Terkidünýälige ýüz açan köňlüň
Öz-özüňe haýbat bilen käýiner.
…Wagty geçip, ýaşlygymyz ýatlansa
Gözýaş bilen süpüriler äýnegiň.
16
257
Myhman Myhman
30 Noýabr 2020
???
Myhman Myhman
29 Noýabr 2020
Barlagçy ??????
Greenleaf
29 Noýabr 2020
Hawa Barlagcy käwagt teswir ýazmsam hem okap ? goýup gidýän. Her günki goşgyňyzy sypdyramok.
barlagcy
29 Noýabr 2020
Sada, hany okap goreyin
Sada
29 Noýabr 2020
Paýlaşypdym birini
barlagcy
29 Noýabr 2020
Sada, Berekella galamynyzyn ujy yiti bolsun gaty gowy hali gurleseninizdenema andymla bir edebiyata gyzyklanmanyz bar eken

Name un paylasanok gosgularyny

Sada, kop sag bol diyenimi sorayan bolsan size nadip yuzlenmeli diyen soragyma gozel gownuniz diyip jogap berdiniz menem minnetdarlygymy bildirdim
Sada
29 Noýabr 2020
Barlagcy, näme üçin
barlagcy
29 Noýabr 2020
Sada, kop sag bol
Sada
29 Noýabr 2020
Men düzýän

Goşgy ýazýan
barlagcy
29 Noýabr 2020
Sada, kop minnetdar menem seyle siz lukman bolsanyzam gosgy okayanyz oydyan seylemi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.