barlagcy
27.11.2020 17:58
Bir kemim bar diýip gyýylma jigim
Asyl adamzadyñ kemi bolmaly
Dert berýändir sadagasy gitdigim
Her beren derdiniñ emi bolmaly.

Gam gussa egsiler adam aýdyşsa
Ýürekler ýukalar ýaşlar gaýdyşsa
Ýegre doslañ arasyna tow düşse
Ol şeýtanyñ guran jeñi bolmaly.

It ogurluk edip gurdy ýallasa
Çäresini görmäge turda alñasa
Ol adyllyk däldir adam dannalsa
Adalat oklaw deý göni bolmaly.

Her kim öz gabryny özi gazýandyr
Işi rowaçlykdan adam azýandyr
Çakdanaşa oýun çyna ýazýandyr
Oýunyñ mazanyñ çeni bolmaly.

Bir namart ýigitde ähtibar bolmaz.
Ilinden azaşan bagtyýar bolmaz
Gara başym diýen ärden är bolmaz
Är ýigidiñ ilinden gamy bolmaly.

Göwnin tapsañ toprak etmez zada zar
Çyn ýürekde ynsanlara söýgi bar
Ata- ene dogan gardaş söwer ýar
Watan bar söýginiñ jemi bolmaly.

Italmaz Akmyradow
18
231
Allahymerbetliklerdengora
28 Noýabr 2020
????
Myhman Myhman
28 Noýabr 2020
??????????
Greenleaf
28 Noýabr 2020
Barlagcy hawa Hudaýa şükür oňat. Bu günler işim kän bolansoň girip bilemok bärik. Siz nätýäňiz iş-güýç bilen
sahet_ashyrov
28 Noýabr 2020
Gowy gosgy????
guli_
28 Noýabr 2020
??????????
Doctor
28 Noýabr 2020
? ? ? ? ? ?
barlagcy
27 Noýabr 2020
Greenleaf,salam minnetdar gulnur gowumy yagdaylsr
Greenleaf
27 Noýabr 2020
Edil gyzyla gaplaýmaly diýilýän sözlerden????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.