barlagcy
25.11.2020 20:58
Söýüp söýülmeseňem...

Kysmatyňy düzetmersiň el bilen,
Şol sebäpli, gynanmagyn birjigem.
Şor gözýaşdan gül göwünler kirjiger,
Görjegi gowudyr sen deý selbileň,
Kysmat bolsa, düzetdirmez el bilen.

Täze gül gözläniň bolmaz ýazygy,
Goý gitsin, saglykda ýetsin maksada.
Özge diňlär, göwün söýen sazyňy,
Şo zatlaram näler içiň ýaksa-da,
Gül gözläp gideniň bolmaz ýazgydy.

Ýürek duýmaz sögünseňem ursaňam, Ýitigini gözlär, gider soraga.
Başga hiç zat girip bilmez gursaga.
Seniň borjuň — mertebäňi gorama,
Ýürek duýmaz sögünseňem, ursaňam.

Boýdaşlaryň öz bagtyny mazamlar,
Gol tutuşyp, agşam çykanda seýle.
Agy bar ýerinde şirin sazam bar,
Nätjek-dä, dünýäniň gurluşy şeýle,
Her kim mydam öz bagtyny mazamlar.

Didäňde ýaş görse, bagtyň ýadyrgar,
Şonuň üçin süpür, gözde ýaşyňy.
Durmuş geçmez, şatlygyny dadyrman, Dünýäde kän her gülüňem aşygy,
Şonuň üçin, süpür gözden ýaşyňy.

Çary Ýegenmyradow
17
278
Paradise
28 Noýabr 2020
Gowy gosgy eken
Greenleaf
27 Noýabr 2020
Kysmatyňy düzetmersiň el bilen...Her kim mydam öz bagtyny mazamlar... ?????? örän täsirli...
Myhman Myhman
26 Noýabr 2020
??????
barlagcy
26 Noýabr 2020
Debian, Hormatly agza men turkmence dusunyan name diyyanem bolsan dusunmedim
Debian
26 Noýabr 2020
Hep cehalet ilhamlari, cehalet dumurunun kopurdugu vehhamlar...
sahet_ashyrov
26 Noýabr 2020
?????
Debian
26 Noýabr 2020
??????? ??'?? ????? ???????? ?? ??? ???? ????? ??? ?? ???? ?????? ???? ???? ?????? ????.
Sada
26 Noýabr 2020
?❤️??❤️?
Myhman Myhman
26 Noýabr 2020
didande 6aş gorse bagtyñ yadyrgar
guli_
26 Noýabr 2020
Tuweleme???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.