DOSTUMA
Ýatlasam, gözlermiň ýaşy köpelýär, Ýatlamasam, barýar ýürek ezilip.
Ah, ýürekdeş, indi (öňküler ýaly)
Ýokdur bize görmek dünýäň hezilin.
Ynjalyk ýok ýaýnap ýaşamaklyga,
Sensiz dünýe ýaly göwnem daralýar.
Belki-de, oň bolmalysam şeýledir
– Ýyllar üçin günler menden ar alýar.
Adamlaryň garaýyşam başgaça, Howanyňam tüýsi üýtgeşik indi.
Gybatlar, ynançlar, deňeşdirmeler…
Indi şular ýaşaýyşa öwrüldi.
Saňa kän zatlary aýdasym gelýär
(Bäş kitapça, on kitapça bolandyr),
Ýöne indi seň üçin meň gürrüňlem,
Belki, dünýäň özi ýaly ýalandyr?..
Men ýalanda ýaşap ýörün ukuda,
A sen oýa, alyslarda, baky-da…
Selimberdi Esenberdiýew