barlagcy
22.11.2020 19:08
Alysdan neneňsi görünýän, dogan,
Dälmi ýa men içgin synlanňa degýän?!
Gözleri äýnekli, saçlary ösgün,
Arzuwny yzyna düşürip gelýän

Oglan öňküler deý ýygra däl indi,
Kalby kisesi deý çöwrülip duran.
Ähli söýgüsini gözünde jemläp,
Ol tüýs bir Mežnuna öwrülipdirem.

Günleň kölegesin ýaşap ýörşüne,
Kaşaň geýinmäge degenok eli.
Onuň aladaçyl gözlerne bakan
Kalbynam hat deýin okaýar göni.

Ol hem hojalykçy kaka, häzirem
Işden geler, goşy – ýeralma, sogan…
Ol nähili adam?!
Bilesim gelýär.
…Men alysdan neneň görünýän, dogan?

Goçmyrat Orazberdiýew
8
108
sahet_ashyrov
23 Noýabr 2020
Gowy gosgy
barlagcy
22 Noýabr 2020
Greenleaf,???
Greenleaf
22 Noýabr 2020
Barlagcy indi düşündim. Hakykatdan hem siz aýdaňyzsoň manysy aýdyň bolup hem dur eken. Minnetdar?????
barlagcy
22 Noýabr 2020
Gosga menin dusunisim seylerak. Turkmenlerde ozini tanan weli diyen soz bar her kime ozine mynasyp baha bermek basardanok son un sahyr oz fas kesbini we icgi dunyasini suratlandyryp gorkezipdir acyk gowunli pak yurekli baylygy bolmasada gowni acyk okiler yaly utanjan oglan dalde durmus sapagynda taplanan hojalykcy kaka diyip suratlandyryar we ozinin dasyndan nahili gorunyandigini okyja yagny dogan diyip yuzlenip sorayar
Greenleaf
22 Noýabr 2020
Hormatly Barlagcy manysyna ol diýen düşünmedim, goşgynyň asyl manysy nämede şony düşündiräýiňdä.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.