barlagcy
21.11.2020 17:14
Degsem, eräp gitjek ýalak,
Ynjytmaga dözmejegim.
Ýa meni gönendir, ýa ýak,
Ýok başga meň gözlejegim.

Huşum indi düýşüm ýaly,
Düýşüm weli huşum ýaly,
Güýç ýok seni duýşum ýaly,
Umydymy üzmejegim.

Ýa-da saňa geňmi bu jar?
Etdiň meni bulam-bujar,
Wah, goýmadyň gaýrat-gujur,
Meselämi çözmejegim.

Ýaşap ýörsek, gün kän entäk,
Görküň görsem, gidýän entäp,
Senden başga aýal-ebtat
Söýmejegim, söýmejegim.

Ýazmyrat Çörli
16
114
kurbanmammedowna
21 Noýabr 2020
gou gosgy ekwn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.