Эльф
18.11.2020 17:48
Ýagşylygy pis bilmez,
Är ýanynda bellidir,
Görer gözüń gymmaty
Kör ýanynda bellidir.

Däli köñül daýanjy,
Ýokdur dünýä ynanjy
Sag gulagyñ guwanjy
Ker ýanynda bellidir

Eger pir sen, eger ýaş
Kylma syryň halka paş,
Syr saklagan mähek daş
Zer ýanynda bellidir.

Bu dünýäniň myrady,
At, zagyfdyr zürýady,
Arwananyň kuwwaty
Ner ýanynda bellidir.

Bolsa gamdan halasym,
Ýaza dönse gyş paslym
Magtymguly, yhlasym
Ýar ýanynda bellidir.
8
149
Eray
19 Noýabr 2020
Bravo ,
Эльф
18 Noýabr 2020
Sag boluň ? ucin
guli_
18 Noýabr 2020
?❤❤❤❤
barlagcy
18 Noýabr 2020
Gorer gozin gymmaty kor yanynda bellidir???
Blume_05
18 Noýabr 2020
????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.