Селби
16.11.2020 15:58
Salam, bu men.
Gül goÿnuña ÿetmegi,
Iñ arzyly maksat edip tutunan.
Özge menzillerde yškyñ yšygna,
Ÿalñyzlygyñ wehiminden gutulan.
Hemem šu hal synlap görkli ÿüzüñi,
Ukudakañ bašyñ alyp oturan.

Bašlar ÿene täze güni ykbalyñ,
Güneš gözleriñe nuruny çaÿar.
Šonda Älem meni bagtly ašyk,
Seni bolsa bagty gelen gyz saÿar.

Oÿanarsyñ, säher saçlaryñ ÿaÿyp,
Göz güldirip doldurarsyñ goÿnumy.
Az kem eljirärsiñ, aÿnarsyñ hemem,
Näz edersiñ söÿgä büräp ruhumy.

A men bolsa ak ÿüzüñden galkyna,
Gandyryp görküñe tešneligimi.
Saña bu kalbymyñ yškyndan dörän,
Aÿdyp berjek ešitmedik šygryñy.

Baky bendi eÿle mähir çešmiñe,
Ÿollaryma gözüñ dikip söÿ meni.
Güÿjese güÿjesin, goÿ seniñ bilen,
Bir howadan dem almagyñ höwesi.
4
84
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.