barlagcy
07.11.2020 10:53
Kimler siziň saçyňyzy gulaçlap,
Kimler size “aýym-günüm” diýipdir.
Şeýdip on bäş ýaşly Geýneden başlap, Ýetmiş ýaşly Gýötä çenli söýüpdir.

Aýallaň görküne mynasyp baha,
Berip bilmese-de käbir erkekler.
Boýun alman durup bilmez asyl-ha,
Olar näme gördi entek-entekler.

Garagumyň ýalyn ýaly çoguny,
Polat kimin bedenlere siňdiren.
Çagalarmyz kaka diýip aglanda,
Sizdiňiz şol “Gelýär” diýip diňdiren.

Sizdiňiz şol siziň üçin gan döken, Gerçekleriň tüýs mynasyp dost-ýary.
Watan ogly Watan üçin jan çeken, Çagalaryň, garrylaryň hossary.

“Aýym” diýip, “Günüm” diýip köp şahyr,
Size bägüllerden örtsede örtük.
Özüňüz hakdaky beýik goşgyny
Özüňüz ýazdyňyz hemmeden artyk.
11
173
Myhman Myhman
9 Noýabr 2020
???
barlagcy
8 Noýabr 2020
Ähliñize minnetdar
Myhman Myhman
8 Noýabr 2020
?? Juda owadan goşgy
November05
7 Noýabr 2020
???
guli_
7 Noýabr 2020
?????
sahet_ashyrov
7 Noýabr 2020
Gaty gowy
Myhman Myhman
7 Noýabr 2020
Ajayyp gosgy okañda çook duygulandiryoo
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.