barlagcy
06.11.2020 01:02
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin.

Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Üstesine hiç zat talap etmäýin,
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun.

Elimden al derejämi, çinimi,
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen
Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber.

Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym,
Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym.
Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen Garyp çatmam — şol köneje ketegim.

Müň bir aladadan hum bolan kelläm
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin.
Kakabaş günleri küýsän ýüregim
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.

Öňümdäki mele-myssyk nany al,
Deregine ýylçyr gara daşy ber,
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,
Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.

Öwezin almaga ýitirlen ömrüň
Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber. Men bu dok durmuşy saňa bereýin
Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!

,Berdinazar Hudaýnazarow
11
174
Paradise
6 Noýabr 2020
Tasirli gosgy..
Greenleaf
6 Noýabr 2020
Örän duýgulara baý. Minnetdar size Barlagçy köp köp ??????
gulshatayewa97
6 Noýabr 2020
Gaty gowy şu goşgy
guli_
6 Noýabr 2020
?????
November05
6 Noýabr 2020
???
sahet_ashyrov
6 Noýabr 2020
Sagja bol köp köp minnetdar gaty gowy???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.