barlagcy
05.11.2020 00:04
Gum-gukluk bar, başga zat ýok,
Ak derekleň arasynda
Janly zatdan men ýeke-täk,
Ak derekleň arasynda.

Synlap durup, ylla, däli
Ýaprak basan inçe ýoly,
Gezmeleýär güýz şemaly,
Ak derekleň arasynda.

Dymýar ýoda... dymýar howa...
Ne guşlar bar, ne-de owaz.
Humar göwnüm urýar perwaz,
Ak derekleň arasynda.

Bakýan Köne ýola bakýan,
Biri geljek ýaly hökman,
Yz-yzyna çilim çekýän
Ak derekleň arasynda.

Ýatlamalar kalby gyýýar,
Ýürek aglamaga taýýar...
Agyr geçen ýaşlygym bar
Ak derekleň arasynda.

Berdinazar Hudaynazarow
11
115
sahet_ashyrov
5 Noýabr 2020
Ok garasyan
barlagcy
5 Noýabr 2020
Ajaýyp eserler, bolya sahet arkayyn bol nesip bolsa goyaryn.
sahet_ashyrov
5 Noýabr 2020
Barlagcy,gayrat et sol gosgyny tapamok
barlagcy
5 Noýabr 2020
Ajaýyp eserler, salam Sahet howa seyle gosgy bar arada toyda dinlap son gozlap tapypdym gowy gosgy su gun 12 den son goyaryn nesip bolsa

Greenleaf, sag bolun sizede minnetdar

Doctor,??

November05, sag bol Guljemal minnetdar
sahet_ashyrov
5 Noýabr 2020
Bir hays bar su sahyryn gosgusymyka diyan "Sena garyp yaslygymy gaydyp ber/ menem sana baylygymy bagys edeyin

Kyn gormesen yazayda tapamok su gosgyny

Kyn gormesen yazayda tapamok su gosgyny
Greenleaf
5 Noýabr 2020
Örän oňat. Minnetdar size???
November05
5 Noýabr 2020
???
Doctor
5 Noýabr 2020
? ? ? ? ? ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.