barlagcy
03.11.2020 00:51
Ýatla meni joralarňa duşaňda,.
Hem dogaýy salamymy ýetirgin
Olar bilen söhbet edip başlaňda,
Şu sözleri zybanyňa getirgin:

“Gyz wagtym yzymda enteýşi ýaly,
Şol oglan henizem köýüp ýör” diýgin!
“Altmyş ýaşdan geçip ömrüniň saly,
Gojalsada meni söýüp ýör” diýgin!

On ýedide seni söýen ýigidiň,
Bir gaýduwsyz – mertdigini bilsinler.
Ynsan üçin söýgi diýen duýgunyň,
Bir dermansyz dertdigini bilsinler.
21
159
Myhman Myhman
9 Noýabr 2020
???
gulshatayewa97
3 Noýabr 2020
Gaty gowy goşgy ?
Doctor
3 Noýabr 2020
? ? ? ? ? ?
guli_
3 Noýabr 2020
Tuweleme????
November05
3 Noýabr 2020
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.