Эльф
02.11.2020 14:10
Käte ýanyp gezdim,
Käte tüsseläp.
Käte üşäp gezdim,
Käte yssylap.
Kä belentläp uçdum, käte pessaýlap.
Öz uçuşym.
Özge ganat küýsemen.

Bogulyp gezsem-de ýoluň çaňynda,
Egilip gezmedim adam öňünde.
Diňe Enem, Atam, Watan öňunde
Üç büküldim
Aýry kysmat küýsemen.

Söýüp gördüm,
Söýlüp gördüm dünýäde.
Kesewi dek köýüp gördüm dünýäde.
Arzuw atly gaçdy. Ykbal pyýada.
Döz gelipdim.
Indem aňsat küýsemen.


Kerräk bolsa - gulak bolsam adama,
Şerräk bolsa - ýürek bolsam adama.
Gerek bolsa - kömek bolsam adama -
Öwezine
Hüşür - zekat küýsemen.


Doglamda doguldym ak zada suwsap -
Ak süýde, aksakgal ussada suwsap.
Indi görüp ýörsem:
iň, ak zat - ynsap.
Ynsapdan ýokarda
Ussat küýsemen.


...Ýeri iňledip dur uruşly sowal.
Soradym toprakdan: - Niçik bor ahwal?
Diýdi: - Erkek erkek,
aýal hem aýal
Bolup bilse,
Başga myrat küýsemen!

Kerim Gurbannepesow.

* Goşgy gysgaldylyp alyndy.
8
296
gulshatayewa97
3 Noýabr 2020
????
November05
3 Noýabr 2020
Greenleaf,dasyndan gije okaber
Greenleaf
3 Noýabr 2020
Menem 3 ýyl okadym, emma meň doganym mugalym bolup, şol okatdy, häzirem okatjak wn men himiýa biologiýany okamalyda
November05
3 Noýabr 2020
Greenleaf,yo bilyan uc yyl okadym oydyan yalnysmasam inlis dilini sondada doly owrenip bilmedimda.Gramatikasy gaty cylsyrymly

Doctor,?
Doctor
3 Noýabr 2020
November05, hawa bilýàn
Greenleaf
3 Noýabr 2020
November05 men bilýän. Näme kömek aýdyber iň arkaýyn.
November05
3 Noýabr 2020
Doctor,inlis dilini gowy bilyanmi
Doctor
2 Noýabr 2020
ay özume geregimi bilyan ýöne gaty algebra bilen aram ýok men esasy iñlis diline gatnayan dasyndan hemem himiya biologiya gatnayan ýöne beyleki sapaklardanam ökde ay karoçi hemme sapaklaram okayan
November05
2 Noýabr 2020
Doctor,algebra okde diydin dami
Doctor
2 Noýabr 2020
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.