barlagcy
01.11.2020 00:21
Eýýäm ol gün öwrülipdir öňňine,
Bilýän, bu günümem düýn bolup galar.
Owadan ömürde saklamaň kine,
Beýtseň, aňsat işler kyn bolup galar.

Bu dünýäniň şowhunyna gatylman,
Düňderilip dymyp ýörmek akyl däl,
Aýdyň yşk sözlerin, asla çekinmäň,
Ýogsam, ol gursakda müýn bolup galar.

Sada göwün – hoş sözleriň kärizi,
Ol bu dünýäň şatlygynyň şärigi,
Haka uýup, düz tutanlar pälini,
Zemin şalygynda şan bolup galar.

Bahar bolup dünýäleri nagyşlaň,
Mähir bolup günäleri bagyşlaň,
Päklik ömrüň ummanyny gulaçlap,
Ak kenara barýan sal bolup galar.

Dünýe geziň, Zemin geziň, il geziň,
Tapmarsyňyz Watan ýaly giň ýeri,
Türkmenimiň bu garagöz illeri,
Mertebesi synmaz il bolup galar.

Kakamyrat Rejepow
13
209
tasinlikalemi
3 Noýabr 2020
Haa boldy indi sag bolun
barlagcy
2 Noýabr 2020
tasinlikalemi, bolya suraty yukle diyen yere basyp bir az garasmaly

Greenleaf, howa ola seyle ???
Greenleaf
2 Noýabr 2020
Hawa Barlagcy ?? sag boluň

Aý hiçle zyýany ýok. Ýagşy ýigdiň ady köp diýipdirlerä, hä??
tasinlikalemi
2 Noýabr 2020
Komek edayinda hemmanizdede suratly post paylasyp bolonokmay?
barlagcy
2 Noýabr 2020
Greenleaf, dusundim yalnysum un bagyslan Gulnur owadan adynyz bar eken
Greenleaf
2 Noýabr 2020
Barlagcy salam gowmy ýagdaýlarňyz. Size aýtmanyň ugruny tapman ýördüm. Hawa şeýle??
guli_
1 Noýabr 2020
???????
barlagcy
1 Noýabr 2020
Greenleaf, men size gulnar diyyan welin Gulnurmy sizin adynuz
Greenleaf
1 Noýabr 2020
Barlagcy ?????
barlagcy
1 Noýabr 2020
Greenleaf, minnetdar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.