Söýýän güýz paslyny,
Sarylygyny.
Göwnüme hoş ýakýar onuñ pes päli.
Ölüm bilen ömrüñ aralygyny
Ölçemeli ýaprak şahada häli.
???
Ýöne, ine,
Sowuk şemal öwüser,
Şonda birden şahasyndan täner ol
Ol howada böker, oýnar, towusar,
Kepderi deý gökde agyp-döner ol.
???
Edil gara ýere ýetdim-ýetdimde,
Birden ýene galar gider asmana.
Garagol çaga deý durmaz hetdinde,
Ajalyñ öñünde gelmez amana.
???
Ajalyny almaýan dek boýnuna,
Ol keçjallyk bilen oýn eder ýeser.
Geñler galyp onuñ täsin oýnuna,
Gyşam birazajyk yzyna teser.
Awtory:GURBANNAZAR EZIZOW
post paylasmak gaty kyn bolany ucin iki gosgyny bir postda paylasmakcy
Güýz gijesi
Ÿakanok köñüle güýzüñ şemaly,
Noýabr gyş geljegini buşlady.
Ikindin kölgeleñ uzaýşy ýaly,
Ýene-de gijeler uzap başlady
???
Kelläñi sokmaga tapañok deşik,
Nädip geçirmeli soñsuz gijäni.
Ýa keýwanyñ bilen süýji gürleşip,
Sanap çykmalymy güýzde jüýjäni.
???
Ne gapyñ kakylýar, ne-de penjiräň
Howadanam beter ýüzüñ gamaşýar.
Şeýle günler meniñ çakyma görä,
Sen birine, birem saña garaşýar.
???
Otuz üç ýaş ķöñle müñ gussa salar,
Daşarda çygly ýel gitdikçe güýjär.
Bu şeýle bolupdyr.Şeýle-de bolar:
Güleriñ gysgalyp,
Uzalýar gijäñ.
Awtory:GURBANNAZAR EZIZOW