sahet_ashyrov
31.10.2020 08:46
Pelek

Bir seretsem,galan eken ýaşlygym,
Hol geçmişiñ gatlarynda,saralyp.
Duýmandyryn,tüm gije deý saçlarym,
Asyl görsem,giden eken çalaryp.

Göwnüm bolsa henizlerem guş ýaly,
Uçup ýör yzynda,arzuw-hyýallañ.
Men bolsa duýmadyk,bilmedik bolýan,
Arabamyñ jygyldysyn,haýallan.

Durmuş arabamy silterläp,çaýkap,
Alyp geldi,dogdygymdan düýnüme.
Düýş mysaly,haýran galyp otyryn,
Dünýä gelip,bu pelegiñ oýnuna.

Belki düýşdir,bu dünýäniñ gurluşy,
Düýş bolsa gamlanmak nämäme gerek.
Rugsatdyr,ýenede şol öñkiñ ýaly,
Düýş deýin oýnuñy,oýnaber pelek.

Gyzylgül Annagylyjowa
3
102
barlagcy
31 Oktýabr 2020
Gaty gowy berekella
Greenleaf
31 Oktýabr 2020
Manysy gowy eken. Ajaýyp eserler sagboluň???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.