sahet_ashyrov
30.10.2020 09:13
TEORETIKI ATEIZMIÑ ESASSYZLYGY

■ ATEIZMIÑ TASSYKLAMALARY

Ateizme oñat düşünmek we oña ynandyryjy jogaplary berip bilmek üçin tassyklamalaryñ nämelerden ybarat bolýandygyna, öñi bilen, bakmak gerekdir. Şeýlelik bilen ateistleriñ Tañry ynanjy hakynda nämeler pikirlenýändigine, gören we haýsy nukdaýnazardan ugur alyp, dine garşy çykandyklaryna göz ýetireris. Dogrusy, ateistleriñ Tañry ynanjy hakynda nämeler aýdyp biljekdiklerini takmyn etmek kyn däldir. Aslynda, ateizm tanadylýarka, onuñ kesgitlemesi berilýärkä, azda-kände bu tassyklamalara deglip geçilipdi. Ýöne bu tassyklamalary has detally bir şekilde ele alyp, analiz etmek we çekişmek peýdalydyr.
Ateistler dini içden we daşdan, esasan iki şekilde tankyt etmäge çalşypdyrlar. Daşyndan edilen tankytlara, birinji bölümde-de görlüşi ýaly, pozitiwizm esas edilip alnypdyr we dini ynanjyñ tebigaty hakynda durlup geçilipdir. Bu şekilde din sosial, psihologik ýa-da antropologik bir fenomen hökmünde kabul edilipdir, şu ýa-da beýleki motiwler bilen soñundanam orta çykypdyr - diýen şekilinde birnäçe dar we gülkünç garaýyşlar bilen düşündirjek bolýarlar.
Ikinjidenem, din ateistler tarapyndan içden tankyt edilmäge çalşylypdyr. Şonda ateist dini ynanjyñ özenini, häsiýetini göz öñüne tutupdyr. Tañry düşünjesini we düşünje bilen baglanyşykly dindar adamlaryñ aýdanlaryny özüne esas edip alypdyr we olaryñ üstünde döwnäpdirler. Muny şeýdýärkäler, bir topar gapma-garşylyk ýa-da esassyzlyk bilen garşylaşýandyklaryna göz ýetirip Tañry ynanjyny çüýredýändirin öýdýärler. Ýöne ateistiñ Tañry düşünjesine düşünmekde ejiz gelýändigine we öñki abraýlaryny ýitirýändiklerine göz ýetirilipdir.
Şeýle garşy tarapy esassyz bolmak bilen aýyplaýan ateistiñ özi gapma-garşylykly añlatmalar ulanypdyr.
Ateistler, köplenç, dine düşünmekde kynçylyk çekipdirler. Dine bolşy ýaly düşünmeýän we dindar adamyñ nähili duýgulary başyndan geçirýändigini bilmeýän ateistler bu ýagdaýda dini ynançlary hakyky manysyndan gyşartmaga çalşypdyrlar. Ters ýagdaýda ellerinde şeýle bir artykmaç material bolmaýan we original bir tassyklamalary bolmaýan ateistleriñ edip biljek artykmaç bir zady-da ýokdur.
Bizi Tañrynyñ barlygyna äkidýän älemiñ hakykylygyndan hiç kim şübhä goýup bilmez. Içine alýan ähli barlyklary bilen Tañrynyñ barlygy tarapynda güýçli bir fakt bolan älemi, dünýäni (gerek teoretiki we gerek bolsa, praktiki taýdan) ýaradyjysyz göz öñüne getirmek-de mümkin däldir. Ynsanyñ akylyna şeýle zat gelse-de, munuñ amala aşyp biljegini pikir etmek, ähtimallygyñ daşyndadyr. Şonuñ üçin ateistleriñ birnäçe manysyz we näbelli terminler bilen açyklama getirmäge, düşündirmäge çalyşýandyklary we alaçsyz galýandyklary (kynçylyk çekýändikleri) görnüp dur.
Teoretiki taýdan güýçli bolmadyk ateistiñ ähli kozury şol ýa-da başga bir görnüşde ynanýan adamyñ ýaşaýyş usulyny, dünýägaraýşyny, barlyk älemi bilen baglanyşykly pikir-düşünjelerini we kanagatlaryny tankyt etmekden ybarat bolup durupdyr. Ýagny aktiw bolup elinde tezisi, tassyklamasy we fakty bolan adam teistdir. Elinde tassyklamasy, fakty we original pikiri bolmaýan adam bolsa, ateistiñ özüdir. Onuñ edip biljek ýeke-täk zadyny ýa red etmek ýa-da lal-jim bolmakdan ybarat. Şonuñ üçin hakyky ateist özüniñ ateistdigini düşündirmegiñ zerurlygyny duýmaýan, munuñ bilen birlikde, içki dünýäsinde meseläniñ kynçylygyny duýýan kişidir. Gynansak-da, döwrümizdäki ateistleriñ uly bir topary gündelik ideologiýalaryñ emeli prinsipleri bilen dinden gopan kişilerdir.
Ynanmaýan ýagdaýynda Tañrynyñ barlygynyñ çüýredilmeginiñ mümkin däldigini añlaýan we muny boýun alýan Bertrand Rassell ýaly akyldarlar bolsa-da, ateistleriñ köpüsi şeýle ýetişenligini görkezmändirler, her zada garamazdan, ideologik toslamalaryñ ugruna ideýalaryndan we öñünden berlen bahalardan ýüz öwürenoklar.
Yslama görä, Tañrynyñ barlygynyñ ýany bilen, içinde Hezreti Ybraýym, Hezreti Musa, Hezreti Isa we Hezreti Muhammet dagylar bolmak bilen ähli Pygamberlere we ahyrýet ýaşaýşyna iman etmek baş ynanjyñ esasydyr. Yslamyýetde dili, dini, jynsy, mezhebi we jemgyýetdäki sosial statusy näme bolsa bolsun, her haýsy bir ynsanyñ doly derejede mömin hasaplanyp bilmegi, her üç meselede-de ynamsyzlyk bilen garamak (ateist bolmaga) ýeterlikdir. Ynanýan adamlary ateistlerden aýyrýan esasy aýratynlyk-da olaryñ bu esaslary ele almalary, özleşdirmegidir.
Ateistleriñ esasy aýratynlyklary bolsa, gürrüñi edilýän ynanç esaslaryny red etmeleridir. Takmyn edilip bilinjegi ýaly, günümizde dini red edýän bir kişi bu prinsipleriñ töwereginde tankytlaryny sanap, garşy çykyş edýärler. Hut şundan ugur alyp, ateistleriñ tassyklamalaryny, umuman, üç toparda ele almak mümkindir:
1. Tañrynyñ barlygy bilen baglanyşykly bolup öñe sürülen garşylyk.
2. Pygamberler bilen baglanyşykly bolup dile getirilen tankytlar.
3. Ahyrýet ýaşaýyşy bilen baglanyşykly garşylyklar.
Bir ateist Tañryny red eden wagty tebigy suratda Pygamberleri we ahyrýet ýaşaýşyny hem inkär etdigidir. Şonuñ üçin birine ynanyp, beýlekilerine ynamsyzlyk etmegi ähtimal. Ýöne käbir adamlaryñ Tañra ynanýan ýagdaýynda Pygamberlere ýa-da ahyrýet ýaşaýşyna gyzyklanma duýmaýandygy ýa-da ynanmaýandygy görnüp dur. Ýene şunuñ ýaly görnüşde käbir filosoflaryñam Tañrynyñ barlygyny red eden ýagdaýynda soñsuzlyga ýa-da ruhuñ ölümsizligine ynanýandygy belli bolýar.
Ýöne bütin bulara garamazdan, bir ynsan mömin bolmagy üçin, Tañry ynanjy esas bolup, her üç meseläde ynanmagy gerekdir. Edil şunuñ ýaly görnüşde, bir adamyñ ateist bolmagynyñ ölçegi, gysgaça Tañry ynanjy bilen üç ynanjy-da red etmegidir.
Bir adamyñ Tañrynyñ barlygyna ynanmagyna garamazdan, Pygamber we ahyrýet ynanjyndan habarsyz bolup ýaşamagy onuñ ateist bolandygy däldir. Beýle bir adam mömindir. Ýöne bu ýagdaýa garamazdan, Tañra ynanýan bir adamyñ-da (eger has soñra maglumat alan bolsa) bu ynanjynyñ geregi hökmünde Pygamberleriñ barlygyna ynanmagy we olaryñ habarlaryny kabul etmegi gerekdir.
Has öñ-de aýdylyp geçilişi ýaly, ateistleriñ esasy garşylygy Tañrynyñ barlygy bilen baglanyşykly bolupdyr. Filosof bolsun ýa-da bolmasyn, örän köp ateist bu meselede birnäçe zatlary tassyklapdyrlar. Öñi bilen Tañrynyñ bar bolmaýandygyny (ýokdugyny) öñe sürüpdirler, barlygy bilen baglanyşykly getirilýän faktlary-da red edipdirler. Muny şeýdärkäler-de, öñem görlüşi ýaly, dürli motiwlere esaslanyp, aýaga galyp, garşylyklary orta goýupdyrlar.
Bu teoriýalaryñ bir böleginiñ filosofik bolşy ýaly, psihologika, sosiologika we antropologikadan ybarat bolupdyr. Öñde detallaýyn ele almakçy bolýan şeýle teoriýalarymyz bilen ateistler Tañry ynanjyny çüýretmäge çalşypdyrlar. Ýöne munda başarnykly bolmaýyşlary ýaly, öz içlerinde-de baglanyşyksyz, esassyz galýandyrlar. Şeýle-de bolsa, bu teoriýalaryñ käbir çäkde, ideologik dogabitdi ýagdaýda goralyp gelinmegi olarda günümize çenli ýaşama mümkinçiligini beripdir. Ýagny dindar adamlar din bilen baglanyşykly bir meselede jedelleşmäge we söhbet etmäge taýynkalar, ateizmini ideologiýa hökmünde garaýanlar ideýalarynyñ jedelleşilmegini we soraga çekilmegini şek-şübhesiz kabul etmändirler. Bu hereketlerini-de esassyz we asylsyz ýöñkelýän günäkärlemeler bilen örtmäge çalşypdyrlar, ikuçly jogaplar bilen meseläni geçmäge çalşypdyrlar.
Ateistleriñ Tañrynyñ barlygy bilen baglanyşykly asyrymyzda dile getiren iñ esasy tassyklamalaryndan biri Tañry ynanjynyñ ylmy däldigi bilen baglanyşykly ideýalarydyr. Ylmy derñewleriñ Tañry ynanjyny ortadan aýyrýandygyny pikir edýän käbir ateistler ynanýan adamlary ylmyñ daşynda bolmak bilen günäkärläpdirler. Bu kişiler Tañrynyñ barlygynyñ ylmy taýdan subut edilmejekdigini duýgular bilen düşünilmeýändigini we subut edip bolmaýandygyny aýdýarlar.
Ateistler Tañryny red etmegiñ ýany bilen tebigatyñ, älemiñ, dünýäniñ we janly organizmiñ emele gelmegi bilen baglanyşykly düşündirişleri tutaryk edip görkezýärler. Şonuñ üçin älemiñ öz-özünden bardygyny, ýagny ýaradylmandygyny, özüniñ içki kanunlarynyñ içinde bu günlere gelendigini, daşardan bir garyşylmak bilen-de (Tañrynyñ yradasy, erki-islegi bilen) şekillenmändigini tassyklaýarlar.
Tañrynyñ barlygyny kabul etmeýän ateistler tebigy taýdan Pygamberlere we olaryñ Tañrydan wahyý (Pygamberleriñ ilçiligi) alandyklaryna-da ynananoklar. Olaryñ pikirine görä, Tañrynyñ bir adamy ilçi etmegi ýa-da şol kişiniñ Hudaý tarapyn ugradylýan habary almagy asla mümkin däl diýip düşünýärler. Bu prosesde añladylýan tutaryk, ateistiñ pikiriçe, hakyky bolmaly däl.
Pygamberligi we wahyýy red etmek gündelik durmuşymyzda bolşy ýaly, edil Pygamberleriñ öz döwürlerinde-de görlüpdir. Pygamberler aýratyn hem butparazlyga we paganizme (köp tañrylyga) garşy söweş açan ilkinji günlerinde gazaply garşylyklar, aýaga galmalar bilen garşylaşypdyrlar we urp-adaty ýykmaklykda aýyplanypdyrlar.
Bu garşylyklaryñ esasynda-da Pygamberlere garşy ynançsyzlyk bolşy ýaly, köne endikleriniñ terk edilmegine we täze zatlaryñ kabul edilmegine garşy bir gozgalañ duýgusy ýatyr.
Ateistler üçin bir kişiniñ ilçilik (pygamberlik) etmegi, Tañrydan perişdäniñ üsti bilen habar getirmegi we ölümden soñky ýaşaýyşdan gürrüñ etmegi kabul edilmejek ýaly ýagdaýdyr. Olaryñ jemgyýetçilik durmuşda ýagşylyklary añladyp, ahlaksyzlyga garşy garşylyk görkezmeleri, adalaty üpjün etmek üçin eden synanyşyklary, haksyzlyga garşy çykmalary, adamlaryñ deñ (deñ hukukly) bolýandyklaryny aýtmaklary we dürs ýaşaýyş-durmuşy orta goýmalary birmeñzeş derejede reaksiýa bilen garşy çykylypdyr we red edilipdir.
Pygamberlere ynananlaryñ sanynyñ köpelendigine garamazdan, käbir adamlar (ateist) tutanýerlilik bilen göreşipdir we olara ýamanlyk etmäge çalşypdyr. Bu kişiler Pygamberiñ getiren habarlaryny dürli motiwler bilen red edipdirler we olary diñlemekden gaçypdyrlar. Pygamberlere bolan garşy çykmagyñ astynda din bilen baglanyşykly käbir teoretiki garşylyklaryñ ýanynda psihologik, sosiologik, hatda syýasy faktorlar hem bardyr. Ýene bu garşy çykmada şahsy we medeni aýratynlyklaryñ hem plana çykandygy görlüpdir.
Hezreti Pygambere ynanan we Yslama ilkinji giren kişileriñ arasynda parhlylyga ugrap ezilen we haksyzlyga uçran horlaryñ, ejizleriñ, gullaryñ, aýallaryñ we ýoksul, garyp adamlaryñ köpelmegi geñ galdyryjydyr. Munuñ tersine Pygambere ilkinji garşy çykanlaryñ (köplenç) baýlaryñ (Ebu Bekri hasap etmäniñde) kabyla reýisleriniñ, butlardan hurafelerden (dine soñra giren boş ynançlylardan) we jadygöýlükden gazanç edýänleriñ bolmagy dykgat çekijidir.
Ateistler ahyrýet ýaşaýşyna-da ynanmandyrlar. Öleninden soñra, gaýtadan direlmäge, dünýäde edilen işleriñ hasabynyñ berilmegine we ol ýerde bir ýaşaýşyñ bardygyna-da garşy çykypdyrlar. Ahyrýet durmuşy bilen baglanyşykly Kurany Kerimde añladylan habarlary-da red edipdirler, möminleriñ bu ýagdaýlara ýönelen ynançlaryny, garaşmalaryny, sabyrlaryny we hereketlerini-de kabul etmändirler.
Gurhanda Hezreti Pygambere we ahyrýete ynanmaýan bir kişi hakynda günümizdäki ateistlere mysal alarlyk aýatlar bar. Bir adam ussatlyk bilen eline ölen adamlaryñ süñklerini alyp, olary owradyp, un ýaly edip, bu süñkleriñ gaýtadan nähili direljekdigini sorapdyr. Muny Kuran ol kişini bu dünýäde nähili dogulandygyny we şony hem unudanlygy bilen günäkärläpdir. Ikinjisinden birinjiniñ has kyn bolýandygyny aýdypdyr we ol kişini düşünjesizlik bilen ýazgarypdyr.
(Ýagny: ''Eýsem, (ol kapyr) adam (Biziň) özüni bir damja erkeklik suwundan ýaradandygymyzy görmeýärmi? Ol Bize göz-görtele duşmançylyk edýär. Ol öz ýaradylyşyny ýatdan çykaryp, Bize garşy mysal getirmäge (akyl öwretmäge) synanyşýar. Ol: «Çüýräp giden bu süňkleri kim direldip biler?» diýýär. Oňa: «(Olary) ilkibaşda kim ýaradan bolsa, şol hem (täzeden) direlder. Çünki Ol ähli görnüşde ýaratmagy bilýändir diýip aýt. Ol ýaşyl (öl) agaçdan siziň üçin ot çykarýan hem (Alladyr). Siziň özüňiz hem (ondan) ot ýakýarsyňyz''(Ýasin 77-79) [Şu aýatyñ düşündirişinde şeýle diýilýär: Çarwa araplar «Merh» we «Ufar» diýilýän agaçlary biri-birine süýkäp, ondan ot çykarar ekenler. Bu aýatda hem ýaşyl (öl) agaçlardan ot çykarmaga güýji ýeten Allanyň, çüýrän süňkleri direltmäge hem güýjüniň ýetjekdigi aýdylmak islenýär].
Ýokardaky mysalda-da görlüşi ýaly, ýaşaýyşyñ diñe bu dünýäde bolýandygyny aýtmak islemeýän adamlar ahyrýete-de ynanmandyrlar we bedenleriñ ölenligi bilen birlikde, her zadyñ gutarjakdygyna kanagat getiripdirler. Munuñ beýle bolmaýandygyny isle Gurhan isle Hezreti Pygamber dürli görnüşde birnäçe gezek dile getiripdir we adamlary oýarypdyr.
Bu ýere çenli netije hökmünde bermäge çalşan tassyklamalarymyz bilen baglanyşykly ateistler dürli motiwleri öñe sürýärler. Ýöne bu motiwler, öñde görjegimiz ýaly, takmyn ediji bolmakdan uzakdyr. Meselem, Tañrynyñ ýokdugyny öñe sürýärkäler, tassyklamalaryñ tarapynda güýçli faktlar getirmekden ejizdirler. Heniz subut edilmeýän ylmy gipotezalaryñ daşynda elinden gelýän zat has öñde beýan edilşi ýaly, Tañrynyñ barlygyna ynanýan adamlaryñ tezisleriniñ ýalñyşdygyny aýtmaga, olary çüýretmäge ýa-da tankyt etmäge çalyşmakdan ybaratdyr. Şeýle-de ylmylyk, rasionallyk, logikalyk we ahlaky özbaşdaklyk ýaly bir topar ylmy we filosofik düşünjeleri ulanypdyrlar we öz hasaplaryna, situasiýa goýmaga çalşypdyrlar. Ýöne bu prosesde ateistleriñ subýektiw we ýalñyşlyklary gözden sowa geçenok.
4
90
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.