barlagcy
30.10.2020 00:38
Gözelleň ählisin goýup bir ýana,
Seçip-saýlap, seni söýsem, söýermiň?
Ýaz görkiňe aşyk bolup gaýbana,
Gül keşbiňe hormat goýsam, söýermiň?

Gar küräp, tüweleý her ýän çäpanda, Asman-zemin bir-birini tapanda,
Gazaply aýäzda, apy-tupanda
Ýoluňä seredip, buýsam söýermiň?

Kä açyldyň asman ýaly durlanyp,
Kä gülüp näz etdiň, kä gaharlanyp, Mübärek gaşyňda her ýan pyrlanyp, Perwanalar bolup köýsem, söýermiň?

Jemalyň kalbymda mukam döredip,
Haýran etdiň ýüregimi eredip,
Ýa-da gözleriňe göni seredip:
“Gülüm, seni söýýän” diýsem, söýermiň?

Halyl Kulyýew
13
319
barlagcy
30 Oktýabr 2020
мерджен__а, Bolup biler gosgudamy ya teswirdemi yalnys sozler

мерджен__а, boldy sag boluñ gördüm üns bermändirin düzederin häzir

Ajaýyp eserler, sahet Ekg edyan tansyn yokmy tanys usti bn barladayaly
мерджен__а
30 Oktýabr 2020
Yalnysh yazylan sozler bar ?
sahet_ashyrov
30 Oktýabr 2020
Barlagcy, ?söýmese ýüregini EKG etdirip görmeli daşdanmy ýa dälmi, ganynam analiz etdirmeli bor.???

Şahyr aýtmyşlaýyn: «Diňe bir adama ýalbar!» diýdiler. Onuňam adyna dilber diýdiler. «Aýyp däl näzini çekmek – diýdiler, Näzden ýüzün sowan – akmak!» diýdiler.

Käbir gyzlar ýöne özi söýsede näzini çekdirjek bolup köseýälerem
Myhman Myhman
30 Oktýabr 2020
Noyyabrr
barlagcy
30 Oktýabr 2020
Ajaýyp eserler, aý sagja bol Sähet su wagt soyyan diyip ylgap gelyan yaly boldum ay seydende soymeyan gyzyn yuregi et daldir demirdir damarynda akyan gan daldir kislata yaly bir zatdyr
sahet_ashyrov
30 Oktýabr 2020
Söýer söýer giňiräk bol?????
November05
30 Oktýabr 2020
????
Greenleaf
30 Oktýabr 2020
Barlagçy köp minnetdar size. Bu goşgyny öň bilemokdym. Örän täsirli. Berekella.?????❤
guli_
30 Oktýabr 2020
Gaty gowy gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.