Iň gysga, täsirli hekaýalar
Uzyn hekaýalar okap ýadadyňyzmy? Geliň onda biraz dünýädäki iň gysga hekaýalary hem okalyň.
Bu hekaýalar juda gysga bolup biler, emma, özleriniň täsirliligi, manylylygy bilen uzyndan uzyn hekaýalaradan birjigem galyşmaýar.
Gysga hekaýalaryň iň meşhury, şek-şübhesiz Ernest Hemingueýiň alty sözden ybarat hekaýasydyr, emma, Ernestden soň hem uzyn bir romanda aýdyljak zady gysgajyk, birnäçe setirde ýazyp bilen ussat ýazyjylar az bolmandyr. Ilki bilen Ernestiň şol meşhur hekaýasyny okalyň soňra beýleki hekaýalara hem geçeris.
Ernest Hemingueý her bir ynsany täsirlendirýän, bary-ýogy alty sözden ybarat hekaýa ýazmagy başarjakdygyny aýdyp, jedel edipdir we muny başarypdyr:
"Çaga köwüşi satylýar. Geýilmedik…" («For sale: baby shoes, never used»).
* * *
Kyssaçylygyň kulminatsiýa we çözüm ýaly düzümlerinden ybarat bolan iň gysga hekaýalar bäsleşiginde O. Genri ýeňiji bolan eken:
"Sürüji çilim çekip duran mahaly näçeräk ýangyç galandygyny görmek üçin benzobak tarapa eňildi. Merhum ýigrimi üç ýaşyndady…"
* * *
Frederik Braun, iň gysga, gorky hekaýasyny ýazypdyr:
"Ýerdaky soňky adam otagynda otyrdy. Birden gapy kakyldy…"
* * *
Aşakdaky size hödürlemekçi bolýan hekaýalarymyňyz her biri elli bäş sözden geçmeýär:
◼HAKYKATYŇ GÖZLEGINDE
Ahyry, bu çet obada onuň gözlegleri soňlandy. Çüýräp, ýykyljak bolup duran haraba külbede, pessaýja ýanyp duran oduň ýanynda Hakykat otyrdy.
Ol ömürinde hiç-haçan bular ýaly garry, betnyşan aýaly görmändi.
— Siz Hakykatmysyňyz?
Betnyşan garry başyny silkdi.
— Men, adamlara siz barada aýtmagym gerekmi? Olara nähili habar ýetireýin?
Kempir oda tüýkürdi-de, jogap berdi:
— Olara meni ýaş we sahypjemal diýip aýt!
◾Robert Tompkins
◼PENJIRE
Ritany rehimsizlik bilen öldürüp gidenlerinden bäri Karter penjiräň öňünde oturýar.
Telewizordyr, kitap okamagam, hat ýazmagam ýok. Oň durmuşy— perdäň aňyrsynda görünýän näme bolsa— şol.
Nahary kim getirýär, hasaby kim töleýär, oňa barybir… Ol otagy terk etmeýär.
Oň durmuşy— ýüwürýän turgenler, ýyl pasyllarynyň çalşyşy, şuwwuldap geçýän ulaglar.
Diwarlaryna mata asylan bu palatada penjiräň ýokdugyny Karter aňlamaýardy…
◾Jeýn ORWIS
BAGTSYZLYK
Endamymdaky güýçli agyrydan oýandym. Gözümi açdym, krowatimiň ýanynda duran şypauýasyny gördüm. Ol:
— Mister Fudjima— diýdi— Siziň bagtyňyz çüwdi, siz iki gün ozal Hirosimadaky bombardimondan aman galdyňyz. Häzir siz gosptilda, howp yzda galdy.
Ysgynsyz zordan:
— Men nirede?— diýip soradym.
Ol:
— Nagosakide— diýip jogap berdi.
◾Alan Ýe. MAÝER
◼ŞÜKÜRANA
Ýakynda haýyr-sahawat fondy tarapyndan berilen ýorgança eginleri ýapýardy, bu gün zybyl gutusyndan tapan aýakgabam aýaklaryny umuman gysmaýardy.
Aňzak tüniň sowgunyndan soňra köçe çyralarynyň ýylysy onuň kalbyna mylaýymlyk alyp girdi…
Parkdaky gaty oturgyçlar bolsa onuň ýadaw biline juda tanyş duýulýardy.
Ol:
— Allahym Saňa şükürler bolsun—diýdi— Ýaşaýyş nähili gözel…
◾Endrýu E. HANT
* * *
Afrikaly oglanjygyň ýazan aşakdaky hekaýasy «2005-nji ýylyň iň gowy hekaýasy» bäsleşiginde ýeňiji bolan eken:
Dogulanymda, men garadym.
Gara bolup ulaldym.
Men günüň astynda uzak dursamam, garalygyma galaryn.
Hepdäki ölenimde-de gara bolup ölerin.
Siz aklar bolsa:
Dogulanyňyzda— gyzylymtyl bolýarsyňyz.
Ulalyňyzda— agarýarsyňyz.
Güneşde duranyňyzda— gyzarýarsyňyz.
Üşäniňizde— gögümtyl bolýarsyňyz.
Gorkanyňyzda— saralýarsyňyz.
Keselläniňizde— ýaşyl keşbe girýärsiňiz.
Öleniňzde bolsa reňkiňizde solýar.
Ýene-de siz maňa reňkli (garatenli) diýýärsiňiz.
Taýýarlan we hekaýalary terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI