barlagcy
28.10.2020 00:18
Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Gel otur
Geçeli ojak başyna
Isleseñ ikimiz söhbet açaly,
Ýalyn ýalkym salsyn degre daşyna.

Her kimiñ öz derdi
Öz hyýaly bar
Kim meýlise barýar
kimseler işe
Emma ot başynda
ojak daşynda
Göwün posy açylýandyr hemişe

Aýby ýok
Käte sen böwrüñi diñläp
Oýa gidip otursañda sedasyz
Göreş tutup
Hüjüm edip
hiç haçan
Ýeñen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz.

Aýby ýokdur
arzuw baryn eksegem
Käte gaty güläýsegem
Aýby ýok
Gözden gizlän hatamyzy aç açan
Ot başynda biläýsegem
Aýby ýok.

Arzuw hyýal ot ýalyna öwrülip
Tüsse deýin gaýyp bolsun gussalar
Elmydama taplaýandyr ot bilen
Ýalaw ýaly ýaraglary ussalar.

Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Sowul
Çoýunmaga çagyrýan seni
Ýylynda ýoluña gidiber ýene
Kaýyl men
Üşäñde ýatlasañ meni.

Ata Atajanow
20
318
barlagcy
28 Oktýabr 2020
Greenleaf, dogry menem okayan ikisinem yone koplenc uzak proza eserlerine gyzyklanyan sonky wagtlar
Greenleaf
28 Oktýabr 2020
Aý ikisini hem deň gowy görýän. Ikisinden birini saýlap bilemokda
barlagcy
28 Oktýabr 2020
Greenleaf, siz oziniz proza okamany halayanyzmy yada poeziya
Greenleaf
28 Oktýabr 2020
Elbetde şeýledirem wn özüm bir hili görýän. Onsoň hem zyýany ýokla??
barlagcy
28 Oktýabr 2020
Greenleaf,ay on goyulan gosgyny goymaly dal diyen dusunje yok paylasyber
Greenleaf
28 Oktýabr 2020
Hä şeýlemi asyl menem siz paýlaşmadyk bolsaňyz post efäýjekdimle.

Başgada bar gowy görýän goşgularyndan. Şoly paýlaşaýarynda zybany ýokla?
barlagcy
28 Oktýabr 2020
Greenleaf, Howa Gulnar Ynam Serpay diyen gosgularyny paylasdym
Greenleaf
28 Oktýabr 2020
Barlagcy, siz öň Gurbannazar Ezizowyň Serpaý bn Ynam atly goşgularyny paýlaşypmydyňyz.
sahet_ashyrov
28 Oktýabr 2020
?????
barlagcy
28 Oktýabr 2020
Greenleaf, bolya nesip bolsa goyaryn su gun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.