barlagcy
27.10.2020 00:11
Maňa — seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa — seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok.
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin — ýaňagyň alyn,
Gijede görerin — ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur,
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.

Gurbannazar Ezizow
15
269
Селби
12 Noýabr 2020
In gowy goryan goshgularymyn biri
barlagcy
28 Oktýabr 2020
Greenleaf, howa gurlemek medeniyet bolsa dinlemek sungatdyr
Greenleaf
27 Oktýabr 2020
Ok gowy okyjy bolup bilmek hem bir sungatdyr diýpdirler ahyryn. Siz hem şol sungaty kemni goýman ösdürýärsiňiz
barlagcy
27 Oktýabr 2020
Greenleaf, menem sizin mana beren bahanyz goyan hormatynyz hemem gyzyklanyp gosgy okayanynyz edebiyat bn gyzyklanyanynyz un minnetdardyryn
Greenleaf
27 Oktýabr 2020
Minetdarlygmyň çägi ýokdur size Barlagçy?
barlagcy
27 Oktýabr 2020
Greenleaf, bolýa su gun ilkinata atajanowyn gosgusyny goyaryn ertir yaslyk dramasy
Greenleaf
27 Oktýabr 2020
Gezekli gezegne posta goýaýyňda kyn görmeseňiz. Köp minnetdar bolardym. Siziň ýaly poeziýany gowy görýän adamyň bolmagy örän gowy zat. Siziň ýaly ynsan her ýere gerek ahyryn

Men näme ündir gabat gelip görmändimdä.

Barlagcy, ot ýakdym goşgyny ýskyn görýän bolsaňyz onda ilki şondan başlaýyň
November05
27 Oktýabr 2020
Barlagcy,posta goyaysanyz
barlagcy
27 Oktýabr 2020
November05, Bolya Guljemal onem goydum yene goyaryn su gun 12 den son

Greenleaf,Bolya gulnar hokman ertir goyayaryn bu gun yaslyk dramasyny goyayyn yada hazir teswire yazaryn so gosgyny onem 2ngezek goydum ozime yakyn saydym so gosgyny

Gulnar gosgulary gezekli gezegine posta goyayynmy ya teswire yazaýynmy maslahat haysy gowy bolar diyseniz men siz bilen. Yone Ata Atajanowyn ot ýakdym goşgusy maña has ýakyn görünýä.
Greenleaf
27 Oktýabr 2020
Kerim Gurbannepesowyň ýaşlyk dramasyny bilýärin emma Ata Atajanowyň Ot ýakdym Halyl Kulyýewiň Söýermiň goşgularyny bilemok. Ol goşgulary hem palaýlaşyp bilmersiňizmi ????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.