barlagcy
26.10.2020 13:07

UKUSYZ GIJE

Eýýäm gijäň bir wagty
Güňläp dur ýadaw kelläm.
Horlanýaryn ýene-de,
Wagtynda uklap bilmän.

Göz öňüme getirdim,
Ümsüm ýerleriň barny
Şeýdenimde hemişe
Uklap galaýmam bardy.

...Owsundy deňiz ýene
Töwerek ürgün çäge.
Isleseň ýumşak düşek,
Üstünde agnamaga.

Aýlanyp ýör bir gelin,
Galgyn göwsi bir görüň!..
Gowsy, yzna düşmäýin,
Ýogsam uklap bilmerin.

Gelýär meniň gulagma,
Ýel sesi, itiň sesi.
Ukudan başga zatlaň,
Töwerekde hemmesi.

•••
Awtor: Agageldi Allanazarow
7
163
Greenleaf
27 Oktýabr 2020
Ola şeýle ????
barlagcy
27 Oktýabr 2020
Greenleaf, hokman bolmaza barlagcy bolup sozunde durmasan
Greenleaf
26 Oktýabr 2020
Bir wagt goýsaňyz bolýar Barlagçy. Iň esasy zat sözňüzde durmaklyk.
barlagcy
26 Oktýabr 2020
Greenleaf, sps Gulnar size soz beripdim su gun goyaryn gitme yok gosgyny
Greenleaf
26 Oktýabr 2020
????
guli_
26 Oktýabr 2020
???????
November05
26 Oktýabr 2020
???
sahet_ashyrov
26 Oktýabr 2020
Malades
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.