Sarymsagyň peýdasy
25.10.2020
1
15
1 464

Sarymsagyň Peýdasy.

Sarymsak ynsan saglygy üçin diýseň peýdalydyr. Ol mikroblary gyrmakda antibiotiklerden kem däldir. Şonuň üçin-de sarymsak gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýan gök önümleriň biridir. Şeýle-de bolsa ony çendenaşa köp iýmeklik hem-de içki organlarynda näsazlyk bar adamlara giňden peýdalanmaga maslahat berilmeýär.

"Sarymsak-serimsag" hökmünde tanalýan bu melhemlik önümiň nämelere em bolýandygyny bilmek eýsem, köpleri gyzykdyrýan bolsa gerek? Ynha olaryň käbirleri:
- işdäni açyjy;
- aşgazanda iýmit siňmegini gowylandyrýar;
- içegedäki yzany aýyrýar;
- gan basyşyny kadalaşdyrýar;
- aşgazandaky, içegedäki zäherli gazlary azaldýar;
- soguljanlary gyrýar;
- ýatkeşlige peýda edýär;
- gakylygyňy goparýar;
- deri kesellerine em bolýar;
- peşew haltada daşyň emele gelmeginiň öňüni alýar;
- gyzgynyňy gaýtarmaga kömek edýär;
- guryagyrynyň ýeňil geçmegine-de peýdaly;
- böwrekde daş emele gelmeginiň öňüni almaga peýda edýär. 
Myhman Myhman
26 Awgust 2022
🤔🤔🤔🤔🤔🤔🤔🤔
Myhman Myhman
22 Awgust 2022
Salam nadip regstrasia bolmaly
Myhman Myhman
7 Awgust 2022
Gaty gowy zatlar yazylypdyr
Myhman Myhman
6 Awgust 2022
Örän köp köp sag boluň
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2021
Sagbolun gyzykly maglumatlarynyz ucin like
Myhman Myhman
11 Sentýabr 2021
gaty gowy
Myhman Myhman
11 Mart 2021
bah gaty govy (sarymsagy halyanlar hakyky sagat sagdyn adamlar eken)
Juwan
21 Fewral 2021
Sarymsagy sary yaga gowuryp 4 5 danesini iysen yapyk sesini achyar
Myhman Myhman
18 Dekabr 2020
Sarymsak adam saglygyna zyyan diyip yazmaly eken hicim almany bahasy gacar yaly
Myhman Myhman
5 Noýabr 2020
sarymsagyn bahasam 10-20 esse uçdy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.