barlagcy
23.10.2020 00:31
Düýnki pikirlerňi gyra geçir-de,
Gel, gaşyma, ak daňlara öwrüle.
Sen geläýseň elim işden sowadan —
Ýüregmiň gysmasam, bolar göwnüme.

Gam hakda ýazdyrma. Berlen ylhamy,
Duzy haklaýan dek ýörjek men haklap.
Ine, ýene seýilbaga barýaryn,
Oýlanyp-oýlanyp del pikir tapman
Yzyma dolansam, sebäpkäri men
Sen gelersiň diýip edenme umyt.
Wiý, ýogsa-da, söz berdim-ä özüme,
Entek ýaşap ýörkäm bedenmi duýup
Garaşjagma,
Ýaraşjagma seň bilen.
Şoň üçinem aklap gezýän ýoklugňy.

Neçüýn gelmeýäniň bilýän öýdýärin,
Ýekelik islänim bilýäň, öýdýärin.

13
102
Greenleaf
25 Oktýabr 2020
Adym Gülnur meniň. Sag boluň men hakda aýdan ýakymly sözlerňiz ün
barlagcy
25 Oktýabr 2020
Greenleaf, berekella on owrenmela kan adam giryadi we aktiw adamlar kandi gosgyny halayan hakyky edebiyatcylar bardy indi olar kan girenoklar basgada bar gyzyklanyp okayan welin siz yaly icgin okap netije cykaryp gyzyklanyan bolsa gyzykly bolya pikir alysmaga bolmasa sonky dowur gosgulary yatdan cykardylar

Adynyz name sizin
Greenleaf
24 Oktýabr 2020
Köp sagboluň size Barlagçy. Minnetdar size
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.