Heniz sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogul bilen gyzyňyz”
Gurbannazar Ezizow
Adam sadalykdan zyýan çekmeýär –
Çekilmeýär zyýan sada adamdan,
“Baky alow” ýanyp dursa ahyrda
Ýanmaklyk ýok, çoýunmak bar odundan.
Adam sadalykdan zyýan çekmeýär,
Çeksede zyýany sadalygyndan,
Käte şerap içip, bada döwýäris,
Bada synýar adam nadanlygyndan.
Adam sadalykdan zyýan çekmeýär,
Çekmeýär zyýana sap sadazada,
Ol ýa hyýallardan saplanan haýyr,
Haýyrdan taplanan hyýaldyr ýa-da.
Sada ogul-gyzlar ýetişse ilki.
Zyýansyz ýaşamak mümkindir belki,
Şahyr hak aýdypdyr, hiç haçan çünki,
Adam sadalykdan zyýan çekmeýär.
Resul Orazow