Habar beriň, eý ýaranlar,
Ýazylany bozan barmy?
Söwdüginden aýrylanlar,
Pyrkatyna dözen barmy?
Aşyklar gaçmaz adyndan,
Ýatmaz iller perýadyndan,
Perhat kimin yşk odundan
Gara dagy gazan barmy?
Gähi-gähi gaýnap joşup,
Kaknus kibi köýüp-bişip,
Ýary bilen başyn goşup,
Hemdem bolup gezen barmy?
Altmyşdan agansoň saly,
Galmaz köňlünde hyýaly,
Diýr Mätäji, meniň ýaly,
Ýardan köňlün üzen barmy?
Annagylyç Mätäji