barlagcy
16.10.2020 17:10
Maňa öwran-öwran
Diýdiler: «Ýigit,
Sen durmuşy öwren,
Sen durmuşa git.

Şäherde güýz, gyşy
Geçirmä derek,
Gidip bu durmuşy,
Öwrenmek gerek!»

Düşünemok aýan,
Duşünemok hiç.
Men nirde ýaşaýan
Şu wagta deňiç?

Men haýsy duzakda,
Haýsy ýoldakam?
Durmuşdan uzakda
Niçik ildekäm?

Aslynda, durmuş nä?
Manysy näme?
Onuň gurluşyna
Kyn düşünäýme.

Belki, durmuş diýen
Meniň özümdir?
Halal duzum iýen
Ogul-gyzymdyr?

Belki, şäherimdir,
Belki, köçämdir,
Eken nahalymdyr,
Öýde keçämdir?

Uruşdan söz açýan
Syrdamdan syrdam —
Belki, ol köp içýän
Meniň goňşymdyr?

Belki, ol odumdyr
Murtlary towly.
Belki, ol Nazymdyr,
Hikmetiň ogly?

Belki, ol gapymdan
Akýan suwumdyr?
Oňatlyk hakynda
Hoş arzuwymdyr?

Taldyr derekleri
Synlap durşumdyr?
Düýpsüz ýürekleri
Gorjap ýörşümdir?

Belki, durmuş diýen
Duýgy-serimdir?
Meniň örän söýen
Adamlarymdyr?

Maňa öwran-öwran
Diýdiler: «Ýigit,
Sen durmuşy öwren,
Sen durmuşa git...»

Ýurdundan kowulan
Bir aşyk deýin,
Men bulardan geçip,
Nirä gideýin?!

Gurbannazar Ezizow
8
24
barlagcy
28 Oktýabr 2020
Greenleaf, Howa biz yitirip dusunyas diyisi yaly gic dusunyas
Greenleaf
28 Oktýabr 2020
Dogry, şahyryň aýdyşy ýaly biziň gündeki ähmiýet bermän ýören zatlarmyz hakykatda biziň durmuşumyz we bagtymyz bolup çykýar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.