Mährim
10.10.2020 22:56
Ene Watan ene toprak öz eneň
Şundan eziz şundan beyik gudrat ýok
Ene söýgüsini ene mährini
Ölçäp biljek ölçeg bolmandy hem ýok!!!

Ene hakda ene ýüregi hakda
Ýazyp doly beýan edip bolmaýar
Özi ene bolup görmedik ynsan
Enäniň kimligin doly bilmeýär!!!

Oň mährinden doýan hem ýok doýmagam
Çünki sen oň ýüreginden önýärsiň
Ýa begenip ýada gynanan wagtyň
Ejemjan diýeniň duýman galýarsyň!!!

Ýaşlykda däl ýaşlyk otsede çenden
Ejeň barka özüň çaga saýýarsyn
Bardy geldi ykbal aýyrsa birdan
Ýetim galanyňy şonda duýýarsyn!!!

Ejeň barka öýüňizde paýyn bor
Öýüňiziň iň töründe jaýyň bor
Bir pursat menzilde başyň agyrsa
Habar tapar oň ýüregne aýan bor!!!

Garran pursatynda ejaň ömrüni
Uzaltmaklyk ogul gyzyna bagly
Bize ömür beren mährem ejeler
Gitmesin armanly ýüregi dagly!!!

Hemmäňizede salam men ýene araňyzda☺
4
241
Myhman Myhman
11 Oktýabr 2020
Yok sahyr dal yone gosgy okamagy alyp baryjylyk ugryny ozum gowy goryan
Kasymberdi
11 Oktýabr 2020
Mähro

Mähri sen şahyrmy....???
Myhman Myhman
11 Oktýabr 2020
Jana
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.