Messi bilen Suares Ronaldonyň rekordyna şärik boldy!
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama oýunlarynyň çäginde Günorta Amerika tapgyrynda ilkinji duşuşyklar oýnaldy. Argentinanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Ekwadory 1-0 hasabynda ýeňdi. Tangoçylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 13-nji penaltiden Lionel Messi öz adyna ýazdyrdy. Şeýle-de, Urugwaý hem öz meýdançasynda Çilini 2-1 hasabynda utdy. Bu duşuşykda urugwaýlylaryň 1-nji goluny-da 30-njy minutda penaltiden Messiniň ozalky klubdaşy Luis Suares derwezä girizdi. Şunlukda, 2 oýunçynyň-da milli ýygyndylarynyň düzüminde geçiren resmi duşuşyklaryndaky gollarynyň sany 39-a ýetdi. Iki futbolçy-da bu ugurda braziliýaly meşhur hüjümçi Luiz Ronaldonyň rekordyna şärik boldy.