Shatlyk95
27.12.2019 12:15
Ulalanda, iş hoş gelmez
Ýaşlykda köýmän ýigide;
Döwlet gelse özün bilmez
Dogaly doýman ýigide.

Ýamana öwüt hebesdir,
Ýagşy äre bir söz besdir,
Ýörişini ýalňyş basdyr
Ýaňy don geýmän ýigide.

Jüpbe jöwşen, zere-sowut,
Keserli gylyç, arap at,
Söweş güni gider uýat
Gaýraty bolman ýigide.

Çopan adam çoka bolmaz,
Ala garga oka gelmez,
Köp ýygylsa, terhos almaz
Aňrysy bolman ýigide.

Gulluk ýetirgin janyňdan,
Aýama parça nanyňdan,
Ganly bolsa, geç ganyňdan
Bir garyp myhman ýigide.

Dünýäde hiç kim galmandyr,
Mal jana ýoldaş bolmandyr,
Göýä bu dünýä gelmändir
Bir zürýat goýman ýigide.

Almaz, kümüş mis görüner
Dula gyrnak tüýs görüner,
Perizat hatyn pis görüner
Bir hulky söýmän ýigide.

Mal döner çiýan-çirmäge,
Durar et-ganyň sormaga,
Malyndan zekat bermäge
Gözleri gyýman ýigide.

Magtymguly, ýeldan çykmaz,
Ýagşy söz ýamana ýakmaz,
Müň söz aýtsaň, biri ýokmaz,
Taňrysy guýman ýigide.
19
333
Папин дочка
28 Yanwar 2020
Yagshy ata bir gamcy yaman ata mun gamcy
Shatlyk95
28 Dekabr 2019
Dogry?????
gulshatayewa97
28 Dekabr 2019
Ýagşy äre bir söz besdir_?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.