barlagcy
03.10.2020 18:27
Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni.
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen bir pursatlyk söýüň siz meni.

Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.

Söýüň meni — ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni.

Söýüň meni siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý,
Men size bahasyz serpaý ederin —
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.

Gurbannazar Ezizow
17
310
Greenleaf
28 Oktýabr 2020
Ylalaşýan siziň bn Barlagcy. Şu wagt gördüm bu postuňyzy.???
barlagcy
3 Oktýabr 2020
Howa gowy gosgy Ezizowyn doredijiligi tasin hem tasirli duygulandyrmagy basarya
Myhman Myhman
3 Oktýabr 2020
???
November05
3 Oktýabr 2020
Kitabyñ edil başynda dur-da şu goşgy .Gaty gowy❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.