Men dünýämi ýasadym,
Säherleň gülgüninden..
Heserleň ýelgininden
Kebelekleň zerinden,
Kerem ýeriň deminden..
Ýene ýasadym ony edaly assa bilen,
Gumryň gursagy ýaly mylaýym gussa bilen.
..Eý bigäne ýolagçy, gelseň meniň dünýäme,
Biraz gowşat badyňy, hem dur-da, pikir eýle
Kimem bolsaň ykbalyma taý biri..