Dünýä üstünde gezen ilkinji janlylardan biriniň yzy tapyldy.
Bilim adamlary, dünýä üstünde gezen iň irki janlylardan biriniň yzyny tapdy. Tapylan yz häzirki günden ýarym milýart geçmişe gitýär.
Bilim adamlarynyň täze tapan yzy, paleontologlaryň arasynda uly göçgün döretdi. Häzirki günden 500 ýyl milýon üň ýaşap geçen bir janlynyň guran yzlary hakynda gaty az maglumatymyz bolan we ilkinji hereketli janlylar hakynda maglumat berip bilerler.
Orta çykan alamatlaryň arasynda yzlary goýan janlynyň galyndylary hem bar. Häzire çenli diňe çak edilen bu janlylara
Yilingaspiciformis ýagny tikenli Yiling mör-möjek ady berildi. Yiling, yzlaryny barlag edilýän nokada iň ýakyndaky Hytaý diýlip açyklandy.
Ylmy barlagçylardan Shuhai Xiao, bu keşpiň 550 milýon ýyl öň haýwanlaryň ýaşap geçendigni görkezýar diýip aýtdy. Hereket edip bilme ukyby arkaly haýwanlaryň dünýäde hakyky yz galdyrdyklarynyda belläp geçdi.
Ylmy barlagçylar aýratyn-da bu görnüşli janlynyň ilkinji karar berme ukyply görnüş bolup bilendigini hem öňe sürýär. Has köp barlag gerek bolsa-da Yiling möjegi bir zatdan uzaklaşýar ýa-da bir nokada ýakynlaşmak isleýän bolmagy mümkin.