barlagcy
25.09.2020 12:10
Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Köçämizden aglap geçse şemalam.
Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Känbir gussa çekmeýärin şumalam.

Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Öňküsi deý Aýly, ýyldyzly asman.
Ýyllar şemal bolup geçende aglap,
Köne ýaralaryň bitmegi ahmal.

Ýogsam bir zadymy ýitiren ýaly,
Saňa derek aýnamyzdan Aý baksa. Henizlerem ylgap çykýan işige,
Nätanyş ýolagçy gapyny kaksa.

Çary Ýegenmyradow
8
166
Greenleaf
28 Oktýabr 2020
Hawa şeýle ondan öňkileri tapamok
barlagcy
28 Oktýabr 2020
Greenleaf, has onrak goyan gowu gosgularymam bolmaly yone size dine sonky 15 post gorunyan bolaymasa
Greenleaf
28 Oktýabr 2020
Barlagcy size ýok diýip otyrdymda. Gyzyksyz dp siziň öňki postlarňyzy okap başladymda
barlagcy
28 Oktýabr 2020
Greenleaf, howa tasirli suratlandyrma
Greenleaf
28 Oktýabr 2020
Gahrymana haly gynandyrjy

????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.