barlagcy
18.09.2020 10:41
Guý, ýagyş! Eziber tallaň saçlaryn,
Geliber müň ýylky ýollaryň bile.
Ýöne dag daşlaryn alyp gaýtma,
Dag başynda ýatan silleriň bile.

Guýsen, ikiýana bulap baglary,
Böwri ýarylana dönsün bu asman.
Baglar buýmaz ýagşyň ýagany bile,
Ýagşyň döwen güli guramaz asla.

Nämüçindir özüm bilip bilemok.
Sen gökden ineňde batýaryn gama.
Bir dilegim, ýüregimde gat ýasan
Geçen günleň ýatlamasyn gozgama.

Ýada salma çagalygyň günlerin,
Döwür geçdi «ös, saçym, ös saçlykdan». Ikibaşdan, gözün baglap enemiň,
Aýakýalaň, başy açyk daş çykman.

Sen tans oýna belent jaýlaň başynda,
Suw-sil et asfaltly daş-töweregmi,
Hemem ilki durmuş päkligiň bile
Durla meniň bu şäherli ýüregmi.

Guýsen ýagyş! Güwläp-güwläp geçeňsoň, Beýhuş eder biziň şäherli seri.
Şäheriň çetinde asfalt gutaryp,
Aňyrda sähranyň başlanýan ýeri.

Şäher tarapyndan gelýän binalaň
Sesin eşdip çigildem hem jümjüme,
Ýol berer «Ýollarňyz ak bolsun» diýip.
Bu beýik hem Adalatly hüjüme.

Häzir bolsa, guýuber sen joş bile,
Ýöne daşy düňdermesin silleriň.
Durlaber sen bu şäherli ýüregmi
Hemem jümjümäniň uzyn tellerin!

Gurbannazar Ezizow
10
111
Doctor
18 Sentýabr 2020
? ? ? ? ? ?
S_guvanjova
18 Sentýabr 2020
????
Myhman Myhman
18 Sentýabr 2020
"Şabyr -şabyr ,şabyr - šabyr Oýandyrdy ýagyš ýene Añlasadym derdiñ asman Ýene içiñ dôkýâñ ýere "❤sag bol Dõwran (Medine) ??? ?
sahet_ashyrov
18 Sentýabr 2020
Gaty gowy gosgy?????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.