Eşikleri arassa saklamak üçin Samsungdan täze çözgüt: Airdresser
Samsung eşikleri arassa we täze saklamak üçin sowadyja meňzeýän AirDresser atly täze önümini tanatdy. AirDresserda, asygly halda duran eşiklere tarap bir howa akymy üflenýär we şunuň bilen eşikler arassa we täzeligini gorap saklaýar.
Bu ýerdäki howa akymy, eşikleriň üstündäki tozlaryň peselmegini we uzaklaşmagyny berjaý edip olary tozlanma garşy goraýar. Şeýle hem Heatpump Drying atly bir sistema, demli ýa-da çyg eşikleriňizi pes yssylykda guratýar. Bularyň ählisi pes yssylykda edilendigi üçin, ýokary yssylyk sebäpli eşikleriňiziň zyýan görmegi çekip kiçelmegi ýaly meseleleri hem ýok edýär.