Sen maňa kuwwat ber, merdem bolmaga, Ýüregimi ezýetlere taýynla.
Aýralyk tyg bolup dilse-de kalby,
Ol parahat urup dursun jaýynda.
Kalbyma umyt sal, lowlasyn dursun,
Şaman ody ýaly öçmän yşygy.
Tukat ýeller öwsüp, sowulanda güýz, Şonuň bilen geçirerin gyşymy.
Pula satylmaýan iman ber maňa,
Men imansyzlardan edýärin heder.
Günümi aýlaryn aýlyk bilenem,
Şonda-da halal nan miýesser eder.
Salyhatly oýlanaýyn, gepläýin,
Goşma meni zynakärleň oýnuna.
Aýpalta meňzeş Aý gülýaka bolup, Dakylmasyn bir ýeňlesiň boýnuna.
Çary Ýegenmyradow