LEÝLI GEREKDIR
Dergähiñe bir arzym bar Ýaradan
Bize bir mähriban Leýli gerekdir
Bugdaý reñ bolsun akdan garadan
Ýagsy gylyk ,ýagşy hoýly gerekdir
* * * * * * * *
Gaýraty köp bolsun işde jedelde
Gara saçy duşsun ak ýüze dalda
Ýagşy ata ,ýagşy ene görelde
Aşygy oldüriji towly gerekdir
* * * * * *
Boýy uzyn bolsun ýüzi ak bolsun
Balaman bakyşly, tugun tap bolsun
Hemme bet işlerden süññi sap bolsun
Emma bezenişi şaýly gerekdir
* * * * * * *
Zelili, dergähe ,ýüzüm tutar men
Kabul kylsañ , şirin jandan öter men
Gadam goýsañ ,gaş üstünde götär men
Didàmiñ üstünde ýoly gerekdir.
Gurbandurdy Zelili