Nurgeldi....
09.09.2020 07:11
Eje hakda ýazylypdy kän goshgy,
Ýazylyp ýör, ýene-de kän ýazylar.
Ýöne KAKA hakda ýazylanok kän,
Nädip beýle pese gachdy kakalar.
Hawa,ýok diýjek däl, ene mukaddes,
Sylamaly,ejeleri söýmeli.
Ýöne diñe ejeleri däl,eýsem
Kakalarmyzada "sag bol" diymeli.
Eje ak süýt berdi, hem mähir berdi,
Ýöne kakamyzam shoncha söýendir.
Eje gijelerne yatman hüwdilän bolsa,
Kaka gijelerne gala bolandyr.
Kaka bolmak ýeñil-ýelpaý däl ahyry,
Hem mähirli,hem gazaply bolmaly.
Chaga terbiýesi näzik mesele,
Kä söwüp,kä söýüp öwsüp durmaly.
Eje ekläp - saklap sana goshmaly,
Kaka galan zady boynuna alýar.
Ogly haýsy ýolda geljegi nichik,
Dost ýary kim-baryn bilmeli bolýar.
Eje hakda kän ýazylýar goshgular,
KAKA hakda köp ýazmaga hajat ýok.
Diñe kakañ üchin gowy ogul bol,
Kaka shondan bashga kän zat islänok.
2
65
Selbiniyaz
9 Sentýabr 2020
Gyzlar in kop kakasyny govy gorya diyyaler sola cyn menem kakamy govy goryan ejemam govy goryan yone hasam kakamy. ❤????
Kartanesi
9 Sentýabr 2020
Myhman Myhman,hawwa menem den gowy goryan yone shondada birinjilik Kakamda
Myhman Myhman
9 Sentýabr 2020
kartanesi men hem ili kakam son ejem yone ikisinide den gowy horyan
Kartanesi
9 Sentýabr 2020
Men ucuna birinjilik Kakamjan☺
guli_
9 Sentýabr 2020
Her bir caga kakadan ejani yakyn gorya.Kakan millioner bolaysym yone yene ejesini artyk soyya kakadan menm seyle.Sebabi eje seni 9ay 9gun gowresinde goterya gijelerine yatanok emma kaka yatya ejanin gadryny eje bolon son bilyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.